Ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Ahal welaýatynyň Zenanlar guramasynyň bilelikde guramaklarynda hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda «Bitin çörek, bitin rysgal» atly çäre geçirildi.
Çöregiň mukaddesligi, onuň bişirilişi bilen bagly halkymyzyň arasynda bar bolan edim-gylymlar, däp-dessurlar, tamdyra çörek ýapylanda aýdylýan aýtgylar barada ýaşuly zenanlar ýaş nesilleriň arasynda gyzykly gürrüň berdiler. Şeýle hem ussat çörekçiler çöregiň dürli görnüşleriniň taýýarlanylyşyny we olaryň tamdyra ýapylyşyny iş ýüzünde görkezdiler. Biziň fotohabarçymyzyň alan şol pursatlaryny size hödürleýäris, mähriban gelin-gyzlar!