Tamdyr mukaddesligi

25 Maý 2021
2808

Türkmen zenanlarynyň çörek bişirmek üçin toýun palçykdan ýa-da kerpiçden depesi açyk gümmez şekilinde ýasan ojakdyr tamdyry gurluş aýratynlygy boýunça beýleki halklaryňkydan tapawutlanýar. Türkmen zenany keramatly tamdyry gurmaga başlanda sähetli gün düýbüni tutup, tamdyrynyň durjak ýeriniň topragyndan dadyp görüp, tamdyryň pirinden — Mirkülaldan ýagşy dilegler edip başlapdyr. Irki döwürde salnan tamdyrlardan, häzirki tamdyrlaryň gurluş aýratynlygynda tapawut bar. Irki döwürlerde sap laýdan edilen tamdyrlar göni ýerden gurlan bolsa, häzirki döwürde salynýan tamdyrlaryň aşagyndan yzgar çekmez ýaly bişen kerpiçi tegelekläp goýup, şykgy bilen garyşdyryp örülýär. Salynjak tamdyryň laýy 1—2 gün öňünden taýýarlanylyp, soňra bolsa tamdyr ýylylygyny dowamly saklamaklygy üçin köne saman we goýnuň ýüňüniň bölejikleri bilen garyşdyrylyp örülýär. Tamdyr gurlup başlananda onuň iki tarapyndan körük goýulýar we körügiň depesinden goçuň şahyna meňzeş goçak şekiliniň goýulmagy bolsa: «Ojagymy gözden-dilden gorasyn!» diýen manyny aňladýar. Türkmen zenany tamdyry guranda onuň ulanjak repidesine laýyklykda, agzynyň giňligini goýup, şykgydan bilekse taýýarlaýar hem-de öz boýuna görä beýikligini saýlap gurýar. Tamdyryň ilki içi, soňra bolsa daşy suwalýar. Tamdyr doly salnyp tamamlanandan soňra onuň içine odun salnyp, tüsseläp ýanar ýaly edilýär. Tamdyr agarýança odun ýakylýar, soňra onuň iç ýüzi çörek bişende keseksiz bolar ýaly şerebelenýär, şeýle hem pagta ýagy çalynýar. Soňra bolsa gyzdyrylyp, ilkinji gezek tamdyra petir çörek ýapylyp paýlanylýar. Ine, şu ýerden bolsa «Petir çörek gordan gorkmaz» diýen türkmen nakyly gelip çykýar.

Goý, hemişe keramatly tamdyrlarda bişýän mele-myssyk çöregiň ýakymly ysy dünýämize bolluk bilen ýaýrasyn!

Gülälek GURBANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.