Obamyz entegem özüniň gyssanmaç ädimlerini çaltlandyryp öňe gidip otyr. Ol ylgawyny ýazdyrman, howlugyp ýörse-de, ýyllar boş geçenok. Herhal, ertirki gün ýatlanar ýaly bir zat tapylýar. Ony Üpük goja, beýleki ýerlere garanyňda, obamyza Günüň köp düşýänliginden görýär. Aýdyşlaryndan, gowy zatlaryň ählijesi Günüň şöhlesidir enäniň süýdünden gaýdýarmyş.
Men Göwher gelnejemi ýene ýüz ýyldan kimdir biriniň ýatlajakdygyny bilýän. Ol obamyza çykyp geleli bäri dokmanyň üstünde. Obamyz onuň dokan halysyny gowy görýär. Men halydanam beter onuň aýdyp berýän süýji gürrüňlerini halaýaryn. Oglan göwnüme şol gürrüňler näçe diňlenilse-de, ýadatmazmyka öýdýän. Ýöne gürrüňleri gowy görsemem Göwher gelnejemiň aýtmazlygyny dileýärin. Sebäbi ol gürrüň beren mahaly bozulýar. Şol gün onuň eli kesere baranok. Onsoň näler diňläsim gelse-de, çygjaran gözleri görmejek bolup, oňmaly bolýaryn.