Sagdynlygyň goragynda

25 Maý 2021
1419

Döwletli iliň toý-baýramy asylam goşa-goşadan gelýär. Şeýle şatlykly günleriň birinde Gahryman Arkadagymyz biziň hemmämize gymmatly toý serpaýyny bagyşlady. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň çäginde täze lukmançylyk dikuçary satyn alnyp getirildi. Şol gün «Watan» habarlar gepleşiginde bu görnüşleri synlan ildeşlerimiziň her biriniň gursagy guwanç, buýsanç duýgularyndan doldy. Özüň saglyk işgäri, lukman bolsaň welin, şeýle şatlygyň hümmetem, gymmatam üýtgeşik bolýar. Sebäbi biz «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni şygar edinýän döwletde ýaşaýarys. Türkmenistan häzirki çylşyrymly günlerde, dünýä ýagdaýlarynyň tiz-tizden üýtgäp durýan şertlerinde özüniň baş ugruna pugta eýerýär. Biziň ýurdumyzda adam, onuň saglygy hem bagtyýarlygy baş maksat, esasy gymmatlykdyr. Bu ynsanperwer ýörelgäniň durmuşyň her ädiminde aýdyň görünýän ilkinji ugurlarynyň biri-de, elbetde, saglygy goraýyş ulgamydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri adam saglygyny hem abadançylygyny ýurduň baş baýlygy diýip yglan etdi. Milli saglyk ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk döwrebaplaşdyrmak işlerine döwletimiz aýratyn üns berýär, bu işlere örän köp maýalyk serişdeleri gönükdirilýär. Iň täze tehnologiýalar, öňdebaryjy innowasiýalar pudaga giňden ornaşdyrylýar. Lukmançylyk ylmy hem hyzmatlary özüniň mazmuny we hili boýunça dünýä derejesine laýyk ösýär. 

«Lukmançylyk awiasiýasy» diýen düşünjäniň aýratyn manysy barada durup geçeliň. Adam saglygy diýseň näzik bolýar. Näsaglana ilkinji lukmançylyk kömegi näçe tiz berilse, şonça-da netijeli bolýar. Kä ýagdaýlarda adamyň saglygy we ömri sanlyja minutlara bagly bolýar. Şeýle ýagdaýda lukmançylyk awiasiýasynyň gadyr-gymmaty üýtgeşikdir.

Dawut KUMŞIÝEW,
Gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» merkeziniň lukmany.