"Zenan kalby" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-10, 38-61-74, 38-62-05
Email: zenankalby@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň

hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby esasynda «Gahryman Arkadagyň kitaby — umumadamzat gymmatlygydyr» ady bilen yglan edilen bäsleşiginiň Aşgabat şäheri boýunça tapgyry geçirildi. Bäsleşik «Bagt köşgi» dabaralar merkezinde geçdi. Ene-mamalarymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp, biziň günlerimize ýetiren milli ýörelgeleri, asylly däp-dessurlary bu kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şeýle bolansoň, bäsleşige gatnaşyjylar milli däp-dessurlarymyzyň özboluşlylygy, halypa-şägirtlik ýoly, türkmen myhmansöýerligi, dost-doganlyk gatnaşyklary, medeni gymmatlyklarymyzyň sarpalanyşy, taryhy şahsyýetler baradaky gyzykly rowaýatlary, ýatlamalary çeper beýan etdiler.

Hala baglanan ykbal (Halypa hormaty)

Ony ýöne halyçy diýip atlandyrsaň, has bärden gaýdýan ýaly bolup dur. Sebäbi ol diňe bir haly-palas dokamagyň ussady däl. Bu zenana berlen tebigy zehin köp ugurlary öz içine alýar. Ol haly gölleriniň täzeden-täze nusgalaryny döretmegem, olary ak kagyzyň ýüzüne nagyşlap, surat çekmegem, haly önümlerine döwrebap şekil bermegem, keşde çekip, gaýma gaýamagy-da başarýar. Diýmek ol, halyçy hem suratkeş, dizaýner hem modelýer, keşdeçi hem gaýmaçy. On barmagynyň hünäri bilen gaýtalanmajak ajaýyp eserleri, dünýäde deňsiz-taýsyz gözellikleri döredýän Annabibi mugallymdan öwrenere zat gaty kän. Okyjylar, gürrüňiň Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Annabibi Islamowa barada barýandygyny aňan bolsalar gerek. «Zenan kalby» žurnalynyň sahypalaryny özüniň döredýän ajaýyp haly önümleriniň keşbi bilen bezeýän bu zenany diňe paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň çäginde hem tanamaýan az-azdyr. Kagyz hem-de elektron görnüşde ýüz müňden gowrak tiraž bilen tutuş ýurdumyza ýaýraýan neşiriň üsti bilen okyjylar bu çeper elli zenanyň işlerini synlamaga mümkinçilik tapýarlar. Žurnalyň sahypasyndan görüp, ol we beýleki haly we haly önümleriniň dokalyşy, gölleri hem-de dizaýny barada güneşli Diýarymyzyň dürli künjeginden bolan gyz-gelinleriň redaksiýa sowallar bilen ýüzlenmegi, ussat halypanyň şägirtleriniň köpelýänliginden, ýyllaryň dowamynda toplan baý tejribesiniň çygrynyň giňäp, ba

Ogulboldy ÇOPANOWA

Watan Sagyňda Köpetdag, soluňda Köýten,

Söýgi hekaýaty (Çeper kyssa)

Demir ýol menzilinden ugran otly birsydyrgyn ses edip, paýtagta tarap ugur aldy. Men küpedeşim Aýgözeliň ykbal öwrümlerini külterläp oturyşyny ýolboýy diňläp gelýärin, diňledigimsaýy onuň arassa söýgüsine, zenan wepadarlygyna haýran galyp, aňyrsyna çykyp bilemok. Onuň çirksiz duýgulary, söýgä bolan arassa garaýyşlary, mertligi, galyberse-de, Aýgözeliň söýgüsiniň taryhy meni dörediji adam hökmünde biparh goýmady. Şonuň üçin bu hekaýaty okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildim. — Men: «Hak aşyklar biri-birine gowuşmaýarmyş» diýseler, asla ynanmaýardym. Bu aýdylanlar diňe dessanlarda bolýandyr diýip, pikir edýärdim. Men hakyky söýgi «Zöhre—Tahyr, «Leýli—Mejnun», «Gül—Bilbil» ýaly dessanlarda bolýandyr diýip düşünýärdim. Söýgi diýen belent duýgynyň ýaşyň islendik wagty hem döräp bilýändigine welin, asla ynanmaýardym. Men iň gowusy, özümiň durmuş ýolumda, ýagny kalbymyň eýesi bolup, ýüregimiň bir bölegine ornan söýgimiň dessanlardakydan-da has ezýetli bolandygyny gürrüň bereýin.

Durmuş sapaklary

Durmuş bize köp zatlary öwredýär. Esasan-da, çaga terbiýesinde ene-mamalarymyzdan, gaýynenemizden öwrenenlerimiz bize durmuş sapagy, ýol-ýörelge bolup galýar. Bir gezek ýaňy dil bitenje oglumy gujagyma alyp: «Meniň saýrak bilbilim, dilleriňden aýlanaýyn!» diýip, söýgüläp oturanymy gaýynenem eşitdi. Şonda ol: «Gelin, çagaňy gowy görmelidir, olar seniň janyň-jigeriňdir. Ýöne ulular öýde wagty türkmeniň öňden gelýän edebi saklanmalydyr. Gaýynatanyň, gaýynenäniň ýanynda çagaňy ezizlemek gelşiksiz görülýändir. Özümiz-ä, elli ýaşdan geçýänçäk çagalarymyzyň adyny tutup, ýüzlendik. «Balam, oglum, gyzym» diýsek, daş-töweregimizdäkiler bir zat diýäýjek ýaly, öz-özümizden utanardyk. Öýüň ýaşululary bar wagty olaryň öňüne düşmezlik üçinmi ýa-da olara bolan sylagyň, hormatyň nyşany hökmündemi, şeýleräk hereket edilerdi» diýip, maşgalanyň inçelik bilen seljerilýän sapaklaryny sypaýylyk bilen düşündirdi. Şoldur-da-şoldur, ýaşulularyň ýok ýerinde-de çagalarymy söýgülemäge çekinerdim. Görlüp oturylsa, ol çekinjeňligem däl ýaly, her bir ýaş maşgalanyň biläýmeli zady—türkmen maşgalasyna mahsus edim-gylymlar, girim-çykymy. Indi özümiziň şol hereketlerimizi ýaş gelinlerde görenimizde-de, utanyp ýere bakanymyzy duýman galýarys. Dogry, her ýaşa görä hereket etmegiň hem öz gelşigi bar. Ýaşuly enelerimiziň agtykdyr çowluklaryny söýgüleýişleri, olary apalap, hüwdüleriň, goşgudyr gazallaryň üsti bilen ta

Nagyşly bukja

Nagyşly bukjanyň parçalarynyň biçilişi hem keşdeli saçagyň biçilişi ýalydyr. Ululyk, giňlik ölçegi hem her kimiň islegine görä bolup biler. Siziň synlaýan nagyşly bukjaňyzda «kürtegoçak», «akly-garaly goçakly gülýaýdy» nagyşlar ýerbe-ýer sünnälenip, gaýma maşynynda gaýaldy. Bukjanyň pugtamasy elde ýerine ýetirildi.

Saçagyň biçüwi

Keşdeli saçagyň nusgada taýýar görnüşinde ilki ýazgynlygyna uzynlyk-giňlik ölçegi 95 santimetr we tikin parhy hem biçime girizilen bolmaly. Saçaklyk parçanyň we saçaga içliklik parçanyň dört tarapyny deň ölçegde biçmeli. Olaryň düzüw ýüzüni bir-biriniň ýüzüne ýapyp, sypap, jebisleşdirmeli-de endigan kök atmaly. Gyrasynda 4—5 mm ýer goýup, dört tarapyny tikip barýarkaň, haýsy-da bolsa bir tarapynda el salar ýaly ýerini tikmeli däl. Onsoň, tikmän goýan ýeriňden eliňi salyp, dört burçuny hem daşyna öwrüp, ütükläp sünnälemeli-de, kök atmaly. Saçagyň gyrasynda 3—4 mm ýer goýup, tikin maşynynda sürmeli. Nusgada görnüşi ýaly, ilki nagyşlaryň ýerini ölçäp belgileseň, nagyşlar ýerbe-ýer hem owadan bolar. Ölçemeseň, nagyşlar çem gelen ýerde ýarty ýa-da goşa düşer. Nusgada «Aý bäş ýyldyzly», «Gün», «çopantelpek güller» el keşdede, «göl», «gowaça gül», «ak bugdaý» gaýma maşynynda ýerine ýetirildi.

Anbar ysly atyrlar

Nämüçindir, parfýum diýlende, köpler Fransiýany göz öňüne getirýärler. Emma parfýumyň taryhyny yzarlasaň, ol Fransiýada döremändir. Parfýum latyn sözünden gelip çykyp, «per» hem «fuma», ýagny «tüsse» diýen manyny berýär. Sebäbi ilkinji parfýumy ýakyp, tüsse etmegiň üsti bilen döredipdirler. Antiki döwürde onuň ilki dörän ýeri Müsür hasaplanylýar. Şol döwürde parfýumler bedeniňi yslandyrmak, nerwleriňi rahatlandyrmak, şeýle-de ýaşaýyş otaglaryna gowy ys bermek üçin ulanylypdyr. Kleopatra hoşboý ysly ýaglary göze ilmeýän, emma özüne maýyl ediji gural hökmünde ulanypdyr. Antik döwründe parfýum, başga-da arap we Gündogar ýurtlarynda, Gresiýada, Italiýada hem ulanylypdyr. Fransiýa parfýum biraz soňrak aralaşypdyr. Orta asyrlarda, Renessans döwründe parfýum taýýarlamak işi gülläp ösüpdir. Şol wagtlar Fransiýada deriden geýim tikilýär eken. Şol deriniň ysyny aýyrmak üçin hem parfýum ulanylypdyr. Soňlugy bilen deri modadan galýar, mata geýimler moda girýär we tikinçiler hem parfýum satmak bilen meşgullanyp başlaýarlar. Şeýdip, parfýum ulanmak aristokratlaryň arasynda moda bolup, ony taýýarlamak işi aýratyn hünäre öwrülýär. Fransiýanyň Grasse şäheri parfýumyň paýtagty hökmünde belli bolýar.

Peýdaly maslahatlar

Köpçülikde naharlanmagyň hem öz düzgünleri bardyr. Çünki nahar başynda adamyň gözellige bolan garaýşyny bilmek bolýar. Şonuň üçin köpçülikde medeniýetli naharlanmak möhüm endikleriň biridir. Geliň, köpçülik üçin niýetlenen saçak başynda naharlanmagyň düzgünleri bilen tanyş bolalyň! Naharlanmak üçin pyçagy sag eliňizde, çarşagy bolsa çep eliňizde saklamaly. Çarşagy çep eliňizde saklaýan wagtyňyzda onuň uçly tarapy aşak bolmaly, sapy bolsa, aýaňyza daýanmaly. Eger-de siz pyçak ulanylmaýan nahary iýseňiz, onda çarşagy sag eliňizde, uç tarapyny aşak bakdyryp saklasaňyz hem bolar. Pyçak saklamak üçin süýem barmagyňyz pyçagyň sapynda hem üstünde durmaly we şol bir wagtda iýmiti kesmek üçin pyçagyň üstünden basmaly. Onuň sapynyň uç tarapy bolsa sag eliňiziň aýasyna daýanmaly. Çemçäni sag eliňizde, başam we süýem barmagyňyzyň arasynda saklamalydyr.

Sagdyn bolmagyň ýönekeý ýollary

Sagdynlyk, saglyk adamzat durmuşynda iň gerekli zerurlykdyr. Sagdynlygyň bar ýerinde bagtyýarlyk höküm sürýär. Sagdynlyk adama öňde goýan maksatlaryna, üstünliklerine ýetmäge, durmuşda öz etsem-goýsamlaryny amala aşyrmaga, ýaşaýşyň hözirini görmäge itergi berýän güýç-gurbatdyr. Sagdyn bolmagyň sadaja ýollary hakynda köplere ýetirmegi makul hasap edýäris. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, munuň üçin gündelik endikleriňe üns bermeli. Sagdyn, bagtyýar we hemişe hyjuwly bolmak üçin olaryň berýän maslahatlaryndan peýdalanmaly. Wagtyňyzyň köp bölegini arassa howada geçirmäge çalşyň. Gijelerine öýleriňiziň golaýyna, seýilbaglara, dynç günleri bolsa tebigata gezelenje çykyň. Işleýän edaraňyz, okaýan okuw jaýyňyz onçakly uzakda ýerleşmeýän bolsa, pyýada gatnamaga endik ediň. Günüň aglaba bölegini kompýuteriň başynda geçirýän, hemişe oturyp işleýän adamlara irden, günortanlyk arakesme wagtynda, agşamara azyndan 20 minutlap gezelenç etmek maslahat berilýär.

Saglygymyzyň gözbaşy

Saglygyňy berkitmek, ony gorap saklamak biziň her birimiz üçin wajypdyr. Eýsem, munuň üçin näme etmeli? Ilki bilen, şahsy gigiýenany berk berjaý etmeli. Egin-eşigiň, bedeniň hemişe arassa bolmaly. Elleriňi tiz-tizden sabynlap ýuwmaly, saçyňa timar bermeli. Saçagyň başyna geçilende elleriň ýuwulgy bolmagy hökmandyr. Sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak, irden turanyňda dürli maşklary ýerine ýetirmek hem saglygymyzyň gözbaşydyr. Saglygymyzy gorap saklamak, esasan, zenan maşgalalar bilen bagly bolup durýar. Sebäbi olar saglygyň gözbaşy bolan arassaçylygy berjaý etmekde görelde bolýarlar, beýlekilerden hem talap edýärler. Zenanlar wagtynyň köp bölegini aşhanada geçirýärler. Gap-gaçlaryň, bişirilýän tagamyň arassa bolmagy üçin zenan maşgalanyň ellerini ýuwup, saçyny ýygnap, ýaglyk daňynmagy hökmandyr. Aşhanada bolanyňda köýnegiň üstünden öňlük dakynmak hem öý bikesini arassaçyl, işeňňir görkezýär. Ene-mamalarymyzyň tekrarlaýşy ýaly, saglygyň sakasy kadaly iýmitlenmek bolup durýar. Şeýle bolansoň, türkmen topragynda bitýän dermanlyk häsiýetli, witaminlere we minerallara juda baý ösümliklerden taýýarlanan iýmitleri, gök önümleri köpräk iýmeli. Kadaly iýmitlenmegiň ynsan saglygyna oňaýly täsir ýetirişi ýaly, her bir pasla görä geýinmek hem kesellerden goranmagyň möhüm şerti bolup durýar.

Dünýäniň gymmatbahaly daşlary

Biz dünýäniň iň gymmatbahaly daşy göwherdir diýip pikir edýäris. Emma ol beýle däl. Tebigatda göwher ýaly täsin, owadan, käte gymmatlygy boýunça ondan hem ýokary, ýöne seýrek duş gelýän minerallar hem bar. Adatça, olaryň gymmatlygy daşyň tebigylygy, seýrekligi, owadanlygy hem-de oňa bolan islegiň ýokarylygy bilen ölçenýär. Makalamyzda şol gymmatbahaly daşlaryň sanawyny bermegi makul hasap edýäris. Gyzyl almaz — almaz toparynyň örän gymmat görnüşi we dünýäde iň gymmat mineraldyr. Adamzat taryhynda bu mineralyň birnäçe görnüşleri tapylypdyr we olaryň köpüsi örän kiçi agramda bolupdyr (iň kiçisi 0,5 karatdan hem az). Gemmologiýa ylmynda almazyň bu görnüşiniň tebigy reňki goýy gyrmyzy diýlip hasap edilýär. Reňkli almazlaryň ýeke-täk mesgeni Argaýyl (Awstraliýa) almaz känleri bolup, ondan her ýylda sanalgyja möçberde daş alynýar. 0,1 karat agramda bolan bu mineralyň tebigy görnüşi, adatça, diňe auksionlara çykarylýar.

Içýaga dolanan bagyr kebaby

Gerekli önümler: 800 g sygryň bagry, 300 g içýag, bir bogdak gök arpabadyýan, sirke, duz, gara burç.

Limon şireli itburunly içgi

Gerekli önümler: 100 g itburun miwesi, 2 sany limon, 5 litr suw, 200—250 g şeker.

Çopandag noriçnigi (Норичник чопандагский)

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Çopandag noriçnigi — noriçnikler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 40—50 sm köpýyllyk otjumak ýa-da ýarym-gyrymsyja wekili. Ösümlik tutuş gür bolmadyk, gaty, başly, goňur, gysga ak sapakly tüýjagaz bilen örtülen. Baldagy köp sanly, göni ýa-da azda-kände dik galýan, dörtgyraňly. Ýapragy köp sanly, uzynlygy (1,5) 3—4 sm we ini (1) 1,5—2 sm, ýelek şekilli bölünen, olaryň ülüşleri hem ýelek şekilli bölünen, ýitiräk, tutuş ýapragy sapakly, uzynlygy 2 sm, gülýanynyň ýapragynyň ujy çowly ýa-da çyzykly, uzynlygy 0,5—1 sm we ini 2 mm, sapaksyz, käte seýrek we gowşak bölünen.

Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar 2021-nji ýyl Mart

1. Hamal (Guzy 21.03—20.04) Adatça, hamallar haýsydyr bir işiň başyna barsalar, ony üstünlik bilen tamamlamagy başarýarlar. Mart aýynda hamallar şärikdeşleri bilen arkalaşyp işleseler, üstünlige ýeterler. Bu aýda hamallara öz-özleri bilen ýekelikde galmaga wagt gerek bolar. Ýyldyzlar bu aýda olara işjeň bolmagy maslahat berýär.

Gözellik we sagdynlyk

Bir çaý çemçe duzy, 1 çaý çemçe şekeri we 1 nahar çemçe kakos ýagyny garyşdyrmaly. Soňra ýapgyny ýüzüňize çalyp, 10—15 minut saklamaly. Ýapgy ýüzüňiziň gara tegmillerden arassalanmagyna ýardam eder. * * *

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!

Gender deňligi — zenan bagtyýarlygynyň nyşany

Dünýäde her bir adamyň öz ömür ýoly bolýar. Ol ykbalyň emri bilenmi ýa-da öz arzuw-islegleriniň yzyna düşüpmi bir käri saýlaýar, oňa bütin yhlasyny bagyş edýär. Ykbal maňa-da žurnalist bolup, dürli-dürli adamlar bilen duşuşyp, söhbetdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri, ykballary barada metbugat sahypalarynda ýazmak paýyny beripdir. Meniň döredijilige başlan döwrüm Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryna gabat geldi. Garaşsyzlygyň ilkinji şowly ädimlerini, Garaşsyzlygyny alan ata Watanymyzyň üstünliklerini, täzeliklerini, buýsanjyny ýazyp beýan etmek bagty meniň hem paýyma düşdi. Gün-günden bat alan Garaşsyzlygyň binýady günlerden-günlere, ýyllardan-ýyllara has berkemek bilen boldy. Garaşsyzlyk her bir döredijilik adamynyň kalbyny egsilmejek buýsanç, mähir, söýgi bilen doldurdy. Ondan bäri otuz ýyl geçipdir. Men käte hyýalymda geçen günlerime dolanýaryn we wakalary hakydamda janlandyrmaga çalyşýaryn. Meniň işlän ýyllarymyň köpüsi, has takygy, 25 ýyly ýurdumyzda ýeke-täk zenanlar neşiri bolan «Zenan kalby» žurnaly bilen bagly. Geçen ýyllaryň iş tejribesi zenan dünýäsi, olaryň arzuw-hyýallary, ykballary, maksatlary, alyp barýan işleri, durmuşy bilen has içgin tanyşmagyma ýardam etdi. Meniň dürli döwürlerde, dürli ýyllarda ýazan zarisowkalarymyň, makalalarymyň, taýýarlan söhbetdeşliklerimiň gahrymanlarynyň köpüsi zenanlar. Olaryň arasynda aýdymçylar, suratkeşler, ýazyjylar, zergärler,

Türkmenistan — parahatçylygyň mekany

Hormatly Prezidentimiz XXI asyryň täze taryhy şertlerinde dünýäniň bitewüliginden ugur alýan öňdengörüjilikli syýasaty ýöretmek bilen, Zeminiň ähli ýurtlarynyň özara sazlaşykly ösüşine ýardam edýän parahatçylygy ösdürmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär hem-de şol başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine ähli şertleri döredýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistanyň öňe süren «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem milli Liderimiziň umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýän başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasy boldy. Ýeri gelende bellesek, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylda Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmekligiň teklip edilmegi hem parahatçylygyň adamzat üçin iň zerur şertleriň biridigini doly subut edýär. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk, bularyň ählisi hemişelik Bitaraplygymyzyň daşary syýasatymyzdaky beýanydyr. Türkmenistan diňe bir sebitde hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barmak bilen çäklenmän, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklara giň orun berýär. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitaraplyk