Köpçülikde naharlanmagyň hem öz düzgünleri bardyr. Çünki nahar başynda adamyň gözellige bolan garaýşyny bilmek bolýar. Şonuň üçin köpçülikde medeniýetli naharlanmak möhüm endikleriň biridir. Geliň, köpçülik üçin niýetlenen saçak başynda naharlanmagyň düzgünleri bilen tanyş bolalyň!
Naharlanmak üçin pyçagy sag eliňizde, çarşagy bolsa çep eliňizde saklamaly. Çarşagy çep eliňizde saklaýan wagtyňyzda onuň uçly tarapy aşak bolmaly, sapy bolsa, aýaňyza daýanmaly. Eger-de siz pyçak ulanylmaýan nahary iýseňiz, onda çarşagy sag eliňizde, uç tarapyny aşak bakdyryp saklasaňyz hem bolar. Pyçak saklamak üçin süýem barmagyňyz pyçagyň sapynda hem üstünde durmaly we şol bir wagtda iýmiti kesmek üçin pyçagyň üstünden basmaly. Onuň sapynyň uç tarapy bolsa sag eliňiziň aýasyna daýanmaly. Çemçäni sag eliňizde, başam we süýem barmagyňyzyň arasynda saklamalydyr.