Dünýäde her bir adamyň öz ömür ýoly bolýar. Ol ykbalyň emri bilenmi ýa-da öz arzuw-islegleriniň yzyna düşüpmi bir käri saýlaýar, oňa bütin yhlasyny bagyş edýär. Ykbal maňa-da žurnalist bolup, dürli-dürli adamlar bilen duşuşyp, söhbetdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri, ykballary barada metbugat sahypalarynda ýazmak paýyny beripdir. Meniň döredijilige başlan döwrüm Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryna gabat geldi. Garaşsyzlygyň ilkinji şowly ädimlerini, Garaşsyzlygyny alan ata Watanymyzyň üstünliklerini, täzeliklerini, buýsanjyny ýazyp beýan etmek bagty meniň hem paýyma düşdi. Gün-günden bat alan Garaşsyzlygyň binýady günlerden-günlere, ýyllardan-ýyllara has berkemek bilen boldy. Garaşsyzlyk her bir döredijilik adamynyň kalbyny egsilmejek buýsanç, mähir, söýgi bilen doldurdy. Ondan bäri otuz ýyl geçipdir. Men käte hyýalymda geçen günlerime dolanýaryn we wakalary hakydamda janlandyrmaga çalyşýaryn. Meniň işlän ýyllarymyň köpüsi, has takygy, 25 ýyly ýurdumyzda ýeke-täk zenanlar neşiri bolan «Zenan kalby» žurnaly bilen bagly. Geçen ýyllaryň iş tejribesi zenan dünýäsi, olaryň arzuw-hyýallary, ykballary, maksatlary, alyp barýan işleri, durmuşy bilen has içgin tanyşmagyma ýardam etdi. Meniň dürli döwürlerde, dürli ýyllarda ýazan zarisowkalarymyň, makalalarymyň, taýýarlan söhbetdeşliklerimiň gahrymanlarynyň köpüsi zenanlar. Olaryň arasynda aýdymçylar, suratkeşler, ýazyjylar, zergärler, halyçylar, kärendeçiler, daýhanlar, lukmanlar, mugallymlar, köp çagaly eneler, mahlasy, dürli kärdäki gahrymanlar bar. Şol ýazan gahrymanlarymyň ählisi çeken zähmetlerinden bagt tapyp, maşgala bagtyýarlygyny duýup, ýurdumyzyň ösüşlerine öz önjeýli goşantlaryny goşan zenanlar. Elbetde, ol döwürler, heniz gender hakda gürrüň edilmeýärdi. Gender sözi diňe bir türkmen žurnalistleri üçin däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiligi üçin hem täze düşünjedi.
Ol döwürlerde zenan bagtyýarlygyny wasp edip ýazan makalalarymyzda gender barada agzamasak hem, indi görüp otursam, şol döwürler hem häzir hem zenanlaryň erkek kişiler bilen deň hukuklaryny, deň iş şertlerini, deň mümkinçiliklerini, olaryň öz saýlap alan, göwün beren hünärlerinden alýan lezzeti, maşgala bagtyýarlygy barada beýan edipdiris. Ýurdumyzyň zenanlarynyň jemgyýetiň, ýurduň ösüşine goşýan goşantlary barada ýazyp, köpçülige ýetiripdiris.