Sagdyn bolmagyň ýönekeý ýollary

19 Fewral 2021
1741

Sagdynlyk, saglyk adamzat durmuşynda iň gerekli zerurlykdyr. Sagdynlygyň bar ýerinde bagtyýarlyk höküm sürýär. Sagdynlyk adama öňde goýan maksatlaryna, üstünliklerine ýetmäge, durmuşda öz etsem-goýsamlaryny amala aşyrmaga, ýaşaýşyň hözirini görmäge itergi berýän güýç-gurbatdyr. Sagdyn bolmagyň sadaja ýollary hakynda köplere ýetirmegi makul hasap edýäris. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, munuň üçin gündelik endikleriňe üns bermeli. Sagdyn, bagtyýar we hemişe hyjuwly bolmak üçin olaryň berýän maslahatlaryndan peýdalanmaly.

Wagtyňyzyň köp bölegini arassa howada geçirmäge çalşyň. Gijelerine öýleriňiziň golaýyna, seýilbaglara, dynç günleri bolsa tebigata gezelenje çykyň. Işleýän edaraňyz, okaýan okuw jaýyňyz onçakly uzakda ýerleşmeýän bolsa, pyýada gatnamaga endik ediň. Günüň aglaba bölegini kompýuteriň başynda geçirýän, hemişe oturyp işleýän adamlara irden, günortanlyk arakesme wagtynda, agşamara azyndan 20 minutlap gezelenç etmek maslahat berilýär.

Jennet HATAMOWA,
Aşgabat şäheriniň 19-njy orta mekdebiniň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.