Häzirki döwürde döwrebap ösen innowasion sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ykdysadyýetiň görnüşlerini ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan bankyň müşderilerine we ilata edilýän sanly bank hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltmek, olaryň elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen, täze görnüşli döwrebap sanly bank hyzmatlary yzygiderli ösdürilýär.
Olaryň hatarynda, «Internet bank», «Mobil bank», «QR-cod» sanly tehnologiýaly galtaşyksyz töleg ulgamlary, «Cash back» höweslendiriji hyzmaty, «Halkbank terminal» sanly bank hyzmaty, «Goýum bank karty», «Maşgala» bank karty we başga-da birnäçe bank kartlary bilen nagt däl görnüşinde geçirilýän hasaplaşyklary işe girizildi. Bu döwrebap sanly bank hyzmatlary ýurdumyzyň söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl tölegleriň gerimini giňeltmek, harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyklaryň ygtybarlylygyny artdyrmak maksady bilen, işlenilip taýýarlanylan sanly bank hyzmatlarydyr.