Bu jümläni internet sahypalarynyň birinde okadym-da: «Ynsanyň özünden başga oňa hyzmat edip bilýän kimkä?!» diýip, şol jümläniň aşak ýanynda ýerleşdirilen habar bilen tanyşdym. Görüp otursam, muny Ýaponiýanyň tehnologlary tarapyndan döredilen Asimo atly robot aýdan eken. Internet sahypasyndaky habaryň deňesinde ýerleşdirilen wideoýazgyny görüp, muňa hasam göz ýetirdim. Asimo oturanlara çaý getirýär, işdäaçar üçin gök önümleri kesişdirýär, pökgi oýnaýar, töweregindäkilere goşulyp tans oýnaýar... Eýsem, bu täsin dälmi?! Biz bu gürrüňe makalamyzyň soňragynda ýene-de dolanyp geleris. Häzir bolsa gözümiziň öwrenişen durmuş hakykatlaryna dolanalyň. Şu günki gün tehnikanyň ynsanyň durmuşynyň ähli gatlaklaryna galtaşmaýan ýeri ýok. Tehnikalaryň dürli görnüşleri bar, üstesine-de, olar günsaýyn diýen ýaly täzelenip, özgerdilip dur. Şu gün tehnikanyň bir görnüşi durmuşa ornaşdyryldymy, ertir onuň täze nesline garaşybermeli. Ylym ösdügi saýyn köp işler ynsanyň oturan ýerinde dolandyrylýar. Köp zat «eliň aýasynda» diýlişi ýaly, aglaba işler ýa düwmelerine ýa-da ýylmanak sensorlaryň üsti bilen ýerine ýetirilýär.
Ine, «Akylly öýi» alyp göreliň. Öý «Akylly» diýlip gurlan hem bolsa, ony dolandyryjysyz göz öňüne getirip bolmaýar. Dolandyryjysam tehnika, elbetde, telefon ýa-da planşetdir. Öýde oturdylan dürli hyzmat ediji enjamlar öz işini olara barýan buýruk tolkunlary (Signal) arkaly ýerine ýetirýärler. Biz şu wagt döredilen ýeňillikleriň planşetli hem smart öýjükli telefonly görnüşleri barada gürrüň edýäris. Olaryň ýylmanak ýüzündäki düwmelerine basarsyň welin, otaglaryň çyralary ýanar, myhman otagynda oturan ýeriňden çaý üçin suw gaýnadaýyn diýseň-de, ýeke düwme bilen aşhanadaky suw gaýnadyjy enjamyny işledersiň, birbada ähli otaglarda sowadyjyny ýakarsyň, penjiredäki tutulary birýana syrarsyň, gör, nähili amatlylyk, ýeňillik!