Baryp-ha, Nuh pygamber döwründe, sygyr janawaryň ady ýagşylykda agzalyp geçilýär. Nuhuň tupany turýar. Dünýäni gaýtgyn alyp duran suw eýeleýär. Emma şeýle närseleriň bolup geçýändigine garamazdan, kalby päk bolan bir garry ene ik egrip oturanmyşyn. Ýagşyzadalaryň biriniň ýoly onuň üstünden düşüp, enä şeýle sowal bilen ýüzlenýär:
— Ene, bu Zemindäki apy-tupanlyk näme? Dünýäde nämeler bolup geçýär?