Magtymguly sözlär, sözün soňlamaz...

4 Oktýabr 2024
451

«Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasynyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny mynasyp garşy almak, şanly ýyly dürli medeni çärelere, döredijilik duşuşyklaryna beslemek, şahyryň edebi mirasyny giň okyjylar köpçüligine ýetirmek maksady bilen taýýarlan ýörite meýilnamasyna laýyklykda, gadymy Merw topragynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölümi bilen bilelikde geçirilen söhbetdeşlik «Ismim düşdi ilden-ile...» diýlip atlandyryldy.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tomus paslynyň aýaklap barýan güni Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasy köp adamly boldy. Kaşaň binanyň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi şöhratly geçmişimiziň, bagtyýar şu günümiziň beýany bolup, milliligiň we döwrebaplygyň ajaýyp sazlaşygyny döretdi. Sergide Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryna, Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny öz içine alan, şeýle-de ömri we döredijiligine bagyşlanan eserlere giň orun berildi. Döwrümiziň bagtyýar zenanlarynyň «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligi milli mirasymyzyň, medeni gymmatlyklarymyzyň baý görnüşlerini öz içine alan sergi bilen tanyşlykdan başlandy. Söhbetdeşligi «Maru—şahu jahan» gazetiniň uly habarçysy Bahargül Mejidowa alyp bardy.

Söhbetdeşligi ýazga geçiren Keýik UMAROWA.
«Zenan kalby».