Eý, Sen, beýik ertirime ynamym,
Gözlerimiň agy hemem garasy!
Türkmenistan,
gözüm açyp görenim,
Dünýä içre Watanlaryň seresi!
Garaşsyzlyk – şanly toýuň mübärek,
Men Saňa şeýle bir guwanýan welin,
Özümem Sen bilen günde ulalýan,
Ýogsa adam ýylda ulalýar welin...