Şu gün, ýagny 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Il sylagly ýaşulularyň, dilleri senaly nurana eneleriň, milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy wekilleriniň, ýaş nesliň gatnaşmagynda geçirilen bu döwletli maslahat «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna aýratyn şan berdi.
Garaşsyz Watanymyzda halkyň bähbidine gönükdirilen döwletli başlangyçlar halk bilen geňeşilip, maslahatlaşylyp amal edilýär. Bu ata-babalarymyzdan dowam bolup gelýän asylly ýörelgeleriň biri. Halk pähiminde: «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, maslahatly edilen işleriň rowaç bolýandygyna geçilen ýollarda gazanylan üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryndaky bedew batly ösüşler, oba-şäherlerimiziň döwrebap keşbi, halkymyzyň ertekilerdäki ýaly ajaýyp durmuşy ýylyň-ýylyna geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän il-ýurt bähbitli oňyn çözgütleriň durmuş hakykatyndaky beýanydyr.