Okamak höwesinde

5 Sentýabr 2024
513

Magtymguly atamyz ilkinji sowady öz atasy Döwletmämmet Azadydan alýar. Bilimini oba mekdebinde dowam edýär. 1747-nji ýylda Nedir şa öldürilenden soň, mejbury edilip äkidilen, şa köşgünde köp ýyllar mürze bolup işlän Nyýaz Salyh diýen adam gerkezleriň arasyna gelip ýaşaýar. Ol türkmenleriň ärsary taýpasyndandyr. Ol özüniň edepliligi, sowatlylygy bilen adamlara ýaraýar. Ony oba mekdebine, şu günki dil bilen aýdanyňda, mugallym edip goýýarlar. Magtymguly atamyz ondan köp ylym öwrenýär. Nyýaz Salyh gören ýurtlary, gezen ýerleriniň geň-taňlyklary barada gürrüň berýär. Hywadaky, Buharadaky we Eýrandaky medreseler barada köp zatlary aýdýar. Birnäçe ýyl geçip, syýasy ýagdaýlar durnuklaşanda, Nyýaz Salyh öz ýurduna — Lebaba gaýtmak isleýär. Ol iru-giç Magtymguly okuwyny dowam etmek islese, özüni gözläp tapmagyny, ýagny Idris baba gelmegini tabşyrýar. Haçanda, Magtymguly kämillik ýaşyna ýetip, okamak islegi dörände, ilki bilen, häzirki Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Gyzylaýak obasynyň golaýyndaky Idris baba medresesine barýar. Ol Idris baba medresesine baranda, birnäçe ýyl öň Nyýaz Salyhyň dünýäden ötendigini eşidýär. Onda-da, okuwyny dowam etdirýär. Medresede alyp biljek bilimini alandan soň, ol ýerden gidip, halypa gözleginde gezýär.

Rowaýata görä, ol özüne halypa gözläp ýörşüne Nyýazguly halypanyň hanasyna (düşelgesine) barypdyr. Gapynyň agzynda nobatçylyk edip oturan sopa piriniň ýanyna baryp, kabul etse, sopy bolmaga gelendigini aýtmagy haýyş edýär. Sopy baryp pirine: «Gapynyň agzynda eşekli bir türkmen size mürid bolmak üçin gelipdir. Siziň kabul etmegiňizi soraýar» diýýär. Nyýazguly halypa şol wagt sopularyna sapak geçip oturan eken. Ol: «Eşekli her bir gezip ýören türkmenden sopy çykmaz. Ötägitsin» diýýär. Sopy bu habary gelip aýdanda, Magtymguly bir tagta kagyza «Bilmezmiň» atly goşgusyny ýazyp, pirine bermegini soraýar. Sopy baryp pirine haty berýär. Piri goşguly haty okap: «Çalt ýetiň, bir şuňkar guşy uçurypdyrys, ony yzyna dolaň» diýýär. Sopy çykyp seretse, eşekli türkmen ýok. Gelip habar berýär. Piriň özi atly yz çalyp, onuň yzyndan ýetýär. Onuň Magtymgulyny yzyna dolamak üçin aýdan sözlerini Magtymguly atamyz ret edýär. Nyýazguly halypa eli boş halda mejbury yzyna dolanmaly bolýar.

Annagurt ANNAGURDOW,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.