Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: alys ýollar, ýakyn gatnaşyklar

11 Iýul 2024
672

Garaşsyzlyk ýyllary ýurdumyz üçin täze hyzmatdaşlyk ugurlarynyň, söwda-ykdysady ýollaryň açylyp, dünýä halklary bilen dost-doganlyga beslenýän gatnaşyklaryň giňeýän döwri boldy. Berkarar döwletiň esaslarynyň mizemez binýady kemala getirilip, halkyň täze taryhynyň şan-şöhratly ýyl ýazgysy ýatdan çykmajak buýsançly wakalar bilen baýlaşyp gitdi.

Şu döwürde döwletliligi pugtalandyrmagyň, içerki ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde daşary gatnaşyklar strategiýasyny işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde köp oňyn netijeler gazanyldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan üçin strategik hyzmatdaş bolan köp döwletler bilen gatnaşyklaryň hemişelik, berk esaslary döredildi. Koreýa Respublikasy ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Bu ýurt bilen Türkmenistanyň arasynda indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri syýasy-diplomatik gatnaşyklar üstünlikli dowam edip gelýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 10-11-nji iýunynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana iki günlük döwlet sapary döwletara gatnaşyklaryny has ýokary derejelere ýetirmäge täze itergi berdi.

Amanbibi MUHAMMEDOWA,
žurnalist.