Tüwi we onuň peýdasy

2 Awgust 2024
725

Tüwi gözellik önümi hökmünde köp ýyldan bäri ulanylyp gelinýär. Soňky döwürde tüwi suwy, kremi we düzümi tüwüden ybarat bolan beýleki önümler gelin-gyzlar tarapyndan köp ulanylýar.

Tüwi diňe bir iýmitlik üçin däl, eýsem, ýüzüňiziň janly we owadan bolmagy üçin zerur önüm. Onuň düzüminde minerallar, antioksidantlar, B, C we E witaminleri hem-de sekiz sany möhüm aminokislotalar bar. Ol diňe bir bedeniňiz üçin däl, deriňiz we saçyňyz üçin hem örän gymmatly serişdedir.

«Zenan kalby».