Sungatyň hem sözüň baýramy

11 Iýul 2024
892

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Arkadag şäherinde ýokary derejede dabaralanan Medeniýet hepdeliginde sözüň, sazyň, ussatlygyň güýji belende galdy. Şahyrlaryň süýjüden-süýji goşgulary, ýazyjylaryň çeper söze siňen kyssalary, zergärleriň sünnälige beslenen şaý-sepleri, on barmagyň hünärinden kemal tapan keşdelerdir halylar, dutardyr gyjaklardan syzylyp çykan mukamlar... ýakymy, şirinligi, gözelligi bilen göwünleri çoýdy, ýürekleri has-da ýakynlaşdyrdy, hakydalary bezedi.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde myhmanlara Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylan «Älem nury» atly sahna oýnunyň we Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylan «Magtymguly» operasynyň görkezilmegi has ir döwürlerde dörän teatr sungatynda kalplara ýakym çaýýan milli ruhuň kemala gelendigini aýan etdi.

Amangül NURMYRADOWA,
«Zenan kalby».