Kalplary şatlyga beslän pursatlar

11 Iýul 2024
728

Durmuşda kähalat garaşylmadyk şatlykly wakalar bolup geçýär. Şeýle şatlykly wakalar, hoş habarlar aýratyn ýatdan çykmajak pursatlary bagyş edip, ynsan ömrüni uzaldýar. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Balyş Öwezow adyndaky geňeşliginiň ýaşaýjysy Tawus Öräýewa hem garaşylmadyk pursatda uly şatlyga eýe boldy. Ol indi on ýyla golaý wagt bäri oguljygy Mekanyň derdi bilen «dertdeşdi». Dogabitdi näsag oglunyň derdine şypa gözläp edilen emler, alnan bejergiler kän bir haýyr bermese-de, ene umydyny üzmedi. Onuň bar arzuwy çagajygynyň deň-duşlarynyň hataryna goşulyp, ýöräp, ylgap gezmegidi. Ynha, bir günem ýaş ene Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde oguljygy Mekanyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna operasiýa ediljekdigi baradaky hoş habary eşitdi. Tawusyň gözlerinde umyt uçgunlary alawlady. Ol indi Mekanjygyň sagalyp, aýaga galjakdygyna ýüregi bilen ynanýardy. Çünki lukman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzda onlarça çaganyň çylşyrymly operasiýalary geçirip, deň-duşlarynyň arasyna goşulandygyndan teleýaýlymlar, metbugat sahypalary arkaly habarlydy.

Uly umyt hem sabyrsyzlyk bilen garaşylan günde eli ýeňil lukmanlarymyz tarapyndan edilen operasiýa şowly bolup, Mekan aýak üstüne galdy. «Bu pursadyň ýakymly täsirini diňe dokuz ýaşly ogly ylgap ejesiniň gujagyna dolan ene bilýär. Oguljygymyň ýöremegine ýardam eden Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize müňläp alkyşlar bolsun!» diýip, Tawus Öräýewa ýürek buýsanjyny beýan etdi. Edil şeýle şatlykly pursatlar welaýatyň Boldumsaz etrabynyň ýaşaýjysy Meňli Begmyradowanyň durmuşynda hem bolup geçdi. Orta mekdebiň 9-njy synpynda okaýan gyz bu pursatlary ýatlap, şeýle gürrüň berdi:

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».