Çaga diýeniň beýle soranjaň bolýan eken. Bir soragdan sypsaň ikinjisini, onsoň üçünjisini, dördünjisini... aý garaz, şol sorag baryny ýagdyryp gidip otyr. Özem jogabyňdan hiç kanagatlanmaz. Barmajygyny agzyna sokup, gözleri bilen soraga öwrülip, şol ýüzüňe seredip durandyr. Berýän soraglary käte aljyradyp barýar. Çaga diýjeksiň weli, seniň beýläňden gelip, bilmeýäniňe müýnürgemeli edip dur, asyl käte. Käbir berýän soraglarynyň jogabyny biljek bolsaň, uzakly gün pikirlenip ýörmeli. Göräýmäge berýän sowallary bir görseň-ä çylşyrymly ýaly, bir görseňem juda ýönekeý ýaly, bir görseň bir sözde jogap tapyp boljak, bir görseňem näçe ýaňrasaň-da jogabyňdan kanagatlanmajak ýaly bolup dur. «Näme üçin gündiz Gün dogýar?», «Menem siz ýaly uly bolarmykam?», «Näme üçin ýyldyzlar şeýle köp bolsa-da, Gün ýaly ýalbyrap duranok?».
Bir gün jaýyň daşyny agardyp ýörkäm, oglum bir ýerlerden haýdaşlap geldi. Durup-durmanam sowal ýagdyryp başlady: