Biz nepis sungatyň ussady mugallym zenan Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 93-nji orta mekdebiniň mugallymy Bazargül Annaýewa bilen söhbetdeş bolup, onuň keçe sungaty we onuň döreýiş aýratynlyklary baradaky gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegii makul bildik.
— Keçe taýýarlamak üçin saýgyç, ýüňdarak hem keçe gamşy ýaly gurallar ulanylýar. Keçe senetçiliginde ulanylýan her bir guralyň özüne görä ýerine ýetirýän işi bar. Keçe senetçiliginde gaýratly we başarnykly zähmeti talap edýän esasy işleriň biri hem ýüň saýmak. Ýüňi saýmak üçin saýgyç guraly ulanylýar. Saýgyç tebigatymyzda ösýän gyzyl ýylgynyň çybygyndan taýýarlanylýar. Onuň üçin gyzyl ýylgynyň iň uzyn we göni ösen çybygy saýlanyp alynýar. Çybygyň daşky gyzyl gabygy gyrlyp arassalanýar we ýüň ilişmez ýaly, ýanyp sönen oduň goruna gorsalýar. Saýgyç inçe we ýogyn görnüşde taýýarlanylýar. Inçe saýgyç gytyk ýüňleri hem-de kiçi saýymlary saýmak üçin, ýogyn saýgyç bolsa, ösgün ýüňleri hem-de uly saýymlary saýmak üçin ulanylýar. Keçe üçin, esasan, güýz ýüňi saýlanyp alynýar. Olaryň arasyndan ösgün, gytyk, guzy hem-de baýzy ýüňleriň hersi aýratynlykda saýylýar. Toklynyň güýz gyrkymyndan alnan ýüňe «baýzy» diýilýär. Saýanyňda ösgün ýüňleriň uçlary tiz ýazylýar, gytyk ýüňlere bolsa saýgyjy köpräk urmaly bolýar. Bir saýym ýüňi gowy saýmak üçin azyndan ýüz, ýüz elli saýgyç urmaly bolýar. Ýüň saýyp oturan zenana: «Elleriňe gaýrat, saýgyjyňa kuwwat!» diýilýär.