Akgaýma

5 Sentýabr 2024
557

Alym Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde: «Käbämiň gyzlary bilen bile oturyp keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil janly surat eseri ýaly. Hiç bir zat taý bolmajak mähirli garaýyşly käbämiň keşbinde ýyllaryň möhüri galypdyr. Ondan dünýäniň manysyny okap bolýar» diýip, türkmen milli mirasynyň mynasyp waspyny milli keşdeçilik sungatynda görüp bolýandygyny belläp geçýär.

Türkmen milli el işleriniň naýbaşylarynyň biri-de keşdedir. Keşdeler diňe bir öňki döwürleriň medeniýetini, däp-dessurlaryny saklamak bilen çäklenmän, eýsem, ene-mamalarymyzyň we işine ökde hünärmenleriň döredijilik başarnyklary barada hem maglumat berýär.

Sona JUMAGELDIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň öwreniji mugallymy.