Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde edebi gatnaşyklarymyzy rowaçlandyrýan ýene bir şatlykly wakanyň şaýady bolduk. Milli Liderimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilen nusgasynyň sowgat edilmegi dostlukly edebi-medeni gatnaşyklarymyzy berkidýän pursatlaryň biridir.
Perişdeleriň Arşy-agladan ýa-da al-asmandan Ýere inişi hakynda dürli-dürli rowaýatlar bar. Şolaryň birinde şeýle diýilýär: «Bagty çüwen melekleriň iň beýik arzuwy enä öwrülmekmiş. Şonuň üçin olar gyz bäbejige öwrülip, dünýä inerlermiş».