Bagtyň owadan!

4 Oktýabr 2024
616

Bu güýz ýene owadan geldi. Edil mähriban käbämiň aýdyşy ýaly, säheri çigrese-de, gündizleri salkyn güýz berekede, gözellige baý. Kalbyňdaky bakylygy özüne siňdirip oturan altyn güýz çaga dünýäsine höwür bolan ýatlamalara, heňňamlaryň saralan sahypalarynda ýaşaýan wakalara sary ýol salýar. Güýz säherine maýyl bolan ýapraklar ol söhbetlere gulak goýýan ýaly çalajadan başlaryny yraýarlar.

Güýzüň mylaýym gününde biz ejemlere sary ýola düşüpdik. Çagalaryň kalby alaýazdy. Olar az wagtdan mähir ummany bilen mährem ojagy ýyladyp oturan mamalary bilen didarlaşmalydylar. Çagalaryň ekabyrragynyň: «Mamamlara ýetip barýas gerek?!» diýşip, dillenmesi-hä ulagdakylara buşluk habary ýaly bolup eşidildi. Olar özlerini eýýäm edil mamalarynyň töründe ýaly duýýardylar.

Amangül NURMYRADOWA,
«Zenan kalby».