Beýik ösüşleriň täze badalgasy

4 Oktýabr 2024
377

Biziň her birimiziň oňat işlemäge yhlasymyz, ruhubelent ýaşamaga höwesimiz, ata-babalarymyzyň nusgalyk durmuş ýollaryna ýürekden ynanjymyz eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatydyr, berkarar döwletimiziň mizemez binýadydyr. Munuň şeýledigini mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda uly ruhubelentlik bilen üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýene bir gezek aýdyň görkezdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik ähmiýeti barada ilkinji bellemeli zat, bu umumymilli forumyň Garaşsyzlyk döwrüniň aňyýetini kemala getirmekde, nesilleriň arasyndaky baglanyşygy pugtalandyrmakda uly orna eýe bolup durýanlygydyr. Halk Maslahaty döwlet berkararlygynyň ähmiýetini, many-mazmunyny halkyň aňyna ýetirmekde, ösüşlerimiz baradaky jemgyýetçilik pikirlerini oňyn ugra gönükdirmekde möhüm syýasy-jemgyýetçilik mekdebine öwrüldi. Garaşsyzlygyň 33 ýylynyň dowamynda ähli ösüş tapgyrlaryndaky iň derwaýys meseleleriň, möhüm wezipeleriň halkyň wekilleri bilen maslahatlaşylýan ýerine, halkyň isleg-arzuwlarynyň beýan edilýän münberine öwrülen Halk Maslahatyna bolan ynam elmydama adamlaryň Garaşsyz döwletiň alyp barýan syýasatyna goldawyny aýdyň görkezdi. Häzirki döwrüň nesilleri tapgyr-tapgyr bolup, bu jemgyýetçilik-syýasy foruma gatnaşyp, döwlet berkararlygynyň sapaklaryny özleşdirdiler. Ösüşlerimiziň beýik maksatlaryna, döwrüň hem-de döwletimiziň jemgyýetiň öňünde goýýan talaplarynyň jogapkärçiligine içgin düşündiler. Bu bolsa halk bilen döwletiň jebisliginiň pugta binýady hökmünde täze taryhymyzyň ösüşlerini kepillendirdi.

Amanbibi MUHAMMEDOWA,
žurnalist.