"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Aşgabat — bagtyň şäheri

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň giňden dabaralanýan döwründe il-günümiziň bähbidine gönükdirilen durmuş-ykdysady ugurdaky ösüşler guwanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Bu gün ýurdumyzyň ösüşlerini baş şäherimiziň — ak mermerli Aşgabadyň nowjuwan keşbi hem aýdyňlygy bilen açyp görkezýär. «Aziýanyň merjeni» diýlip atlandyrylýan Aşgabadyň ýeten belent derejesi ýurdumyzyň berkararlygynyň, rowaçlygynyň we abadançylygynyň aýnasy saýylýar. Aşgabat gaýtalanmajak gözelligi, kalbyňa mukam bolup siňýän nuranalygy bilen akylyňy haýran edýär. Dünýäniň çalt depginde ösýän we özgerýän şäheri hökmünde uly meşhurlyga eýe bolýan ak mermerli paýtagtymyz milli binagärlik sungatynyň özboluşly aýratynlyklaryny we häzirki zamanyň gazanan öňdebaryjy usullaryny öz görkana keşbine jemleýär. Aşgabada görk goşýan binadyr desgalaryň islendigine nazar aýlanyňda hem bu hakykata buýsanç bilen göz ýetirýärsiň.

Bagtyýarlyga beslenýän eziz Diýar

Garaşsyzlyk mukaddes düşünje bolup, ol türkmen halkynyň taryhy geçmişi, şu güni, beýik geljegi bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki biziň ata-babalarymyz Garaşsyz döwlet gurmagyň arzuwy bilen ýaşapdyrlar. Häzir halkymyz ata-babalarymyzyň arzuwlan bagtyýar zamanasynda ýaşaýar. Watanymyzyň täze taryhynyň şöhratly sahypalaryna ösüş-özgerişlerimiz altyn harplar bilen ýazylýar hem-de dünýäde ylalaşdyryjy merkez, baky Bitarap döwlet hökmünde giňden tanalýar. Şeýle ajaýyp ýurdumyz batly ösüşleri bilen bagtly geljege barýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk ýyllarynda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, döwletler we halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegi ileri tutýan ýurt hökmünde eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýy has-da ýokarlandy» diýip belleýär. Türkmen halkynyň täze taryhynyň senenamasyna ýazylan iň ähmiýetli seneleriň biri Garaşsyzlyk günüdir. Garaşsyzlyk bilen biz asuda, agzybir döwletimizi berkarar etdik, hemişelik Bitarap döwletli bolduk. Garaşsyz, baky Bitarap döwlet bolmak bilen biz sebitdir dünýä döwletleriniň arasynda hem parahatçylygy pugtalandyrmaga önjeýli goşandymyzy goşýarys. Paýtagtymyz Aşgabatda BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi hem parahatçylyk ýörelgelerimiziň dünýä ýaýylmagydyr. Milli Liderimiziň ýöredýän içeri hem daşary syýasy ugry dünýäniň täze taryhynda sa

Aşgabat – binagärligiň ajaýyp nusgasy

Parahatçylygyň mekany bolan eziz Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat Gahryman Arkadagymyzyň giň göwrümli, aýdyň maksatly beýik işleri netijesinde barha gözelleşýär. Eziz Watanymyz ykdysady taýdan dünýäde iň çalt ösýän döwletleriň hataryna goşulyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzda binagärlik babatda asyrlara barabar işler durmuşa geçirildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň paýtagty, türkmen halkynyň buýsanjy we guwanjy Aşgabat şäheri sözüň doly manysynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekanyna öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda gözel paýtagtymyzda ulanylmaga berlen we ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalar taryhy wakalaryň beýany boldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülen Diýarymyzda, şeýle hem Aşgabat şäherinde giň gerim bilen gurulýan ak mermerli binalar hem-de desgalar türkmen halkynyň guwanjyna öwrülýär. Şeýle bagtyýar döwürde raýatlarymyzyň abadan durmuşy baradaky alada netijesinde milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bahasyna ýetip bolmajak bu beýik işler bagtyýar halkymyzda durmuşa we ýaşaýşa söýgi, höwes döredýär.

Döwrüň gurmak sungaty

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly we öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha pugtalanýar. Munuň özi Garaşsyz Watanymyzda häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän gurluşyk-binagärlik düzümleriniň döredilmegi üçin hem mizemez esasdyr. Çünki ýurduň ösüşleri, ilki bilen, onuň bina galdyrmak, ýol çekmek ýaly sogaply işleriniň netijesi bilen seljerilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berlen ykdysady-durmuş maksatly döwrebap binalaryň birnäçesi halkara ykrarnamalara eýe boldy. Güneşli Diýarymyzda dünýäniň öňdebaryjy gurluşyk kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk esasynda alnyp barlan işleriň netijesi gönüden-göni gurluşykçy hünärmenleriň öz iş tejribelerini baýlaşdyrmaklary üçin uly mümkinçilik döretdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda gurluşykçylaryň täze nesli kemala geldi. Türkmen gurluşykçy hünärmenleri taýýarlanylýan ýokary okuw mekdebimizde bilim alýan geljekki inženerleriň gurluşyk taslamalarynyň amala aşyrylmagyna gatnaşmagy, özleriniň ukyp-başarnyklaryny şol işlerde synap görmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Olar öz taslamalary bilen ýurdumyzda geçirilýän sergilere we maslahatlara hem işjeň gatnaşýarlar.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

HALYÇYLARYŇ BÄSLEŞIGI AHAL. Welaýat merkezindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýinde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň halyçy zenanlarynyň arasynda yglan edilen “Arkadag paýhasyndan ady dünýä dolan türkmen halysy” atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşige onuň şäherdir etrap tapgyrlarynyň ýeňijileri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

30-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli wajyp meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny has-da ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisine, ilki bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi göni wideoaragatnaşyga çagyryp, mähriban halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny ösdürmek we ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada pikir alyşdy.

Üstünliklere ruhlandyrýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän tutumly işler biziň her birimizi çäksiz buýsanja eýe edip, röwşen geljege bolan ynamymyzy has-da berkidýär. Bu gün biz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ynamly öňe barýarys. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-paýhasyndan kemal tapan ajaýyp zamanamyzda gazanylýan durmuş-ykdysady ösüş eşretli durmuşymyzy üpjün edip, saçaklarymyzy rysgal-berekede besleýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalar bagtyýar halkymyzy üstünliklere, täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Muňa biz halk köpçüliginiň arasynda bolup, olar bilen duşuşyklary geçirenimizde, has aýdyň göz ýetirýäris. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem halkymyz uly buýsanç bilen kabul etdi. Maksatnama esasynda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan özgertmeler, amala aşyrylmaly tutumly işlerdir badalga berilmeli möhüm taslamalar milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen öňe ilerlemegine şert döredýär. Bu bolsa adamlaryň abadançylygyny, bolelin, eşretli we bagtyýar durmuşyny üpjün edýär.

Paýtagtymyz aşgabat — şatlyk çeşmesi

Şeýle at bilen Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde dünýäde nusgalyk şähere öwrülýän gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli welaýat kitaphanasynda edebi-sazly çäre geçirdik. Oňa kitaphana işgärleri, ýerli şahyrlar, Balkanabat şäherindäki 2-nji, 15-nji orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurulýan ajaýyp binalary bilen görenleri haýrana goýýan paýtagt şäherimiziň taryhy, şu güni, geljegi, ekologiýa babatda Ýer ýüzünde iň arassa, owadan şäherleriň biridigi barada gyzykly söhbet etdiler, goşgulary okadylar. Balkanabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebinde okaýan çagalaryň Aziýanyň merjen şäheri bolan gözel Aşgabady wasp edip aýdan aýdymlary, çalan sazlary has-da täsirli bolup, bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy. Çärä gatnaşanlar Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň çagalarynyň çeken suratlarynyň, kitaphana işgärleri tarapyndan guralan kitap sergisine hem uly gyzyklanma bilen syn etdiler hem-de ata Watanymyzy bagtyýar çagalygyň ýurduna öwren milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Sungat bilen senet sazlaşanda

Halkymyzda «Agajy uzyn kes, kesse bolar, demri gysga kes, süýse bolar» diýen nakyl ýörgünli. Ilki kesilip, soňra ýonulyp, timarlanylyp ulanylýan agaçlaryň käbirlerinden çemçe, çanak, dokmanyň daragy, piliň, oragyň sapy, ýüňdarak, ýag depbesi, ýanlyk ýaýmaga niýetlenilen enjam, suwagaç ýaly önümler ýasalsa, käbir agaçlardan taýýarlanylýan önümler halkymyzyň yrym-ynanjy bilen bagly bolup, olar öýüň işiklerinden, çaga sallançaklarynyň başujundan, ak maýanyň boýnundan alaja dakylyp asylypdyr. Aýratynam, tut, dagdan, erik, söwüt ýaly ýeňil hem-de üstünden näçe ýyl geçse-de durkuny üýtgetmeýän agaçlardan ýasalan önümler aýalyp saklanylypdyr. Agaç ussaçylygy — inçe sungat. Oňa suratkeşlik ukyby hem gerek. Şol ukyby bar adam, aýdylyşy ýaly, agaja-da dil bitiriberýär. Eger-de biziň agaç ussaçylygyndan başy çykýan ussalarymyz bolmadyk bolsa, onda Düldüli agladyp, durnany gonduran sazlarymyzam bolmazdy.

Köpugurly hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleri

Ýurdumyzyň wekiliýeti Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşdy Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti 29-30-njy aprelde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň (ÝHG) mejlisine gatnaşdy.

Bagtyýar durmuşyň möhüm şerti

Ynsanyň durmuşy daşky gurşaw, tebigat bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ekologiýa abadançylygy soňky onýyllyklaryň dowamynda adamzat jemgyýetinde ileri tutulýan meseleleriň tutuş toplumyny özünde jemleýän hem-de ýygy-ýygydan ýüzlenilýän ugra öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejesinde ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen ösýän ata Watanymyzda daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmaga uly ähmiýet berilýär we uzakmöhletleýin ekologiýa maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tebigata aýawly çemeleşip, onuň baýlyklaryndan ýerlikli peýdalanmak boýunça halkyň düşünjesini ýokarlandyrmak, daşky gurşawy goramagyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak babatda uly işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Şanly seneleriň şanyna

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň her bir güni ajaýyp wakalara beslenýär, ýurdumyzyň durmuşynda taryhy ähmiýetli wakalar bolup geçýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyny, ak mermerli Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny mynasyp garşylamaga giňden taýýarlyk görülýär. Bu ajaýyp seneler mynasybetli eýýäm möhüm ähmiýetli çäreler we dabaralar giň gerime eýe boldy. Her bir şanly senä, baýramçylyga gabatlap täze desgalary dabaraly ýagdaýda ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. Soňky döwürde paýtagtymyzda möhüm ähmiýetli desgalaryň ençemesi ulanmaga berildi. Garaşsyzlyk toýumyz mynasybetli ulanmaga beriljek desgalarda hem şu günler gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar.

Milli demokratiýa dabaralanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilkinji gezek geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary täze taryhy şertlerde açyklykda, aýanlykda, giň demokratik esaslarda dünýä tejribesine, şeýle hem milli kanunçylyga doly laýyklykda geçirildi hem-de ösüşiň we döredijiligiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň şu ýylyň 28-nji martynda geçirilen saýlawlarynyň hukuk esasyny düzdi. Saýlawlar ýurdumyzda ilkinji gezek göni däl saýlaw hukugy esasynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň Halk Maslahatlarynyň mejlislerinde bäsleşik esasynda, guramaçylykly, ýokary işjeňlik ýagdaýynda geçdi.

Ajap eýýamyň şuglasy

Edil şu günki günde paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň nazaryndaky iň owadan şäher saýylýar. Ak merjen ýaly mermer binalar, täze gurlan owadan desgalar milli binagärligimiziň gadymy däpleriniň döwrebap öwüşgini bilen sazlaşyp dur. Aziýanyň iň owadan şäherleriniň biri bolan Aşgabadyň soňky on-on bäş ýylyň içinde eýe bolan gözellik derejesi, paýtagtymyzyň adynyň on bir gezek dünýä täsinliklerini özünde jemleýän Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň sanawyna girizilmegi bilen has hem meşhur boldy. Aşgabadyň ak guw ýaly hatarlanyşyp duran mermer binalaryny saba säher bilen ýüzüňe sylanyňda, seriňe ýakymly oýlanmalar dolýar. Bu gözel ymaratlar mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýynyň aňrybaş derejede gowulanyp, elleriniň uzadan ýerine ýetip, toýlar içre ýaşaýan zamanasynyň taryhy keşbi. Giň hem owadan şaýollar, ýerasty we ýerüsti köprülerdir geçelgeler, çatryklary bezäp duran çuň mazmunly heýkeller, täze ulanmaga berilýän kaşaň edara binalary, baýramçylyklarda we şanly senelerde körpeleriň hyzmatyna gönükdirilýän çagalar baglarydyr orta mekdepler... sanasaň sogaby bar.

Resmi habarlar gysga setirlerde

30-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly ýurduň Baştutany döwlet Baştutanymyza kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanç bildirip, tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi hem-de şu agyr günlerde milli Liderimize, maşgala agzalaryna güýç-kuwwat we durnuklylyk arzuw etdi.

Täzelikler

Welaýatymyzyň kärhanalarynda zähmet çekýän işgärler üçin döwrebap şertleriň döredilişine, tehniki we ekologiýa howpsuzlygynyň kadalarynyň ýola goýluşyna uly üns berilýär.«Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hem «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» diýen şygar bilen giň gerimli çäreleri durmuşa geçirdi. Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Ýoldaş Ýakubowyň aýtmagyna görä, iş şertleriniň kadalarynyň we kanunçylygyň berk berjaý edilmegi buýurmalaryň öz möhletinde ýerine ýetirilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Işçileriň we hünärmenleriň 2000-den gowragyny özünde jemleýän trestiň halkara polat ýollaryň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky köpsanly desgalaryň hem-de binalaryň gurluşyklarynda mynasyp zähmet paýlary bar.* * * Türkmenabat şäherinde gurulýan awtomenziliň gurluşygynda beton bloklaryny gurnamak işleriniň 80 göterimi tamamlandy.Has takygy, täze menziliň ätiýaçlyk ammarynda, suw ýyladyjy desgasynda, transformatorynda we awtoýuwalgasynda gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şu günler gurluşykçylar menziliň esasy binasynyň beton binýadyndaky işleri hem tamamlap barýarlar.

Watansöýüjiligiň görelde mekdebi

Muzeýimize gelýän mekdep okuwçylary, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şäherimizde ýerleşýän harby bölümlerde gulluk edýän esgerler bu ýerde ata-babalarymyzyň 1941—1945-nji ýyllaryň urşy döwründe türkmenistanly gerçekleriň görkezen edermenlikleri bilen tanyşýarlar. Uruş ýyllarynda şaýatlyk edýän taryhy tapyndylar, suratlar, frontdan iberilen hatlar ildeşlerimiziň gahrymançylykly söweş ýoluna aýdyň güwä geçýär. Taryhda iň gazaply bolan 1941—1945-nji ýyllaryň urşuna türkmenistanlylaryň müňlerçesi gatnaşyp, ýeňşi ýakynlaşdyrmaga goşant goşdular. Olaryň jeň meýdanlarynda görkezen gahrymançylygy bu günki ýaşlar üçin edermenligiň nusga alarlyk göreldesidir. Muzeýimiziň zallarynda goýlan tapyndylar, suratlar şol döwür baradaky taryhy maglumatlary özlerinde jemleýärler. Olaryň her biri barasyndaky gürrüňler bu ýere gelýänlerde uly täsir galdyrýar. Ýörite zalda türkmenistanlylaryň söweş ýoly bilen bir hatarda, şol gazaply ýyllarda tylda galanlaryň zähmet edermenlikleri baradaky maglumatlar hem ýerleşdirilen.

Taryhy döwrüň şanly wakasy

Taryhy döwrüň şanly wakalarynyň şaýady bolmak kalbyňy buýsanja besleýär. Biz häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ajaýyp durmuşda ýaşaýarys we giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýarys. Ata-babalarymyzyň göwün islegleri Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe wysalyna gowuşdy. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan göwün galkyndyryjy taslamalary we özgertmeleri bütin dünýä ykrar edýär. Bu düýpli özgerişlikler ýaşaýşymyzyň mazmunyny has baýlaşdyrýar. Ýurdumyzda iki palatadan ybarat bolan Milli Geňeş diýlip atlandyrylan parlament ulgamynyň döredilmegi bilen, Baş Kanunymyzy kämilleşdirmek işlerine jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmaklaryna has-da giň ýol açyldy. Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 14-nji aprelinde geçirilen Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde eden taryhy çykyşy ildeşlerimiz bilen birlikde biz — bilim işgärlerinde hem uly täsir galdyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu döwletli maslahatda sözlän sözünde bilim işgärleriniň halkymyzyň belent maksatlary amala aşyrmagynda döredijilikli zähmete ruhlandyrmak, ýurduň geljegi bolan ýaş nesli sagdyn ruhly terbiýelemek, Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak bilen bagly işlerine aýratyn ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan:

Bir goja melleginde işläp ýörkä, onuň ýanyna köçeden geçip barýan ötegçi gelipdir. Ol biraz dem-dynjyny alandan soň, ýaşula şeýle sowal bilen ýüzlenip: — Meniň şu oba göçüp gelmek niýetim bar. Şonuň üçin obanyň adamlaryny öwreneýin diýdim. Obaňyzyň adamlarynyň adamkärçiligi nähilidir?! — diýipdir.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygyna

EDERMENLIGIŇ BELENT NUSGASY «Watan» diýen keremli sözüň aňyrsynda uç-gyraksyz älem giňişligi ýaly, çuňňur many-mazmuna eýlenen mukaddes düşünje ýatyr. Bu ajaýyp jümle ynsan hakydasyndan öçürip bolmaýan, hemişe ýürek urgusy bilen deň gopýan belent duýgy-düşünjedir. 1945-nji ýylyň 9-njy maýynda gazanylan Ýeňiş güni tutuş adamzadyň baýramy hökmünde giňden bellenilýär. Beýleki halklar bilen bilelikde, türkmen halky hem şol uruş ýyllary Watan goragy üçin aýaga galypdy.