Üstünliklere ruhlandyrýar

3 Maý 2021
900

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän tutumly işler biziň her birimizi çäksiz buýsanja eýe edip, röwşen geljege bolan ynamymyzy has-da berkidýär. Bu gün biz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ynamly öňe barýarys. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-paýhasyndan kemal tapan ajaýyp zamanamyzda gazanylýan durmuş-ykdysady ösüş eşretli durmuşymyzy üpjün edip, saçaklarymyzy rysgal-berekede besleýär.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalar bagtyýar halkymyzy üstünliklere, täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Muňa biz halk köpçüliginiň arasynda bolup, olar bilen duşuşyklary geçirenimizde, has aýdyň göz ýetirýäris. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem halkymyz uly buýsanç bilen kabul etdi. Maksatnama esasynda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan özgertmeler, amala aşyrylmaly tutumly işlerdir badalga berilmeli möhüm taslamalar milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen öňe ilerlemegine şert döredýär. Bu bolsa adamlaryň abadançylygyny, bolelin, eşretli we bagtyýar durmuşyny üpjün edýär.

Satlyktagan MAŞOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gumdag şäher komitetiniň başlygy.