Aşgabat – binagärligiň ajaýyp nusgasy

4 Maý 2021
653

Parahatçylygyň mekany bolan eziz Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat Gahryman Arkadagymyzyň giň göwrümli, aýdyň maksatly beýik işleri netijesinde barha gözelleşýär. Eziz Watanymyz ykdysady taýdan dünýäde iň çalt ösýän döwletleriň hataryna goşulyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzda binagärlik babatda asyrlara barabar işler durmuşa geçirildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň paýtagty, türkmen halkynyň buýsanjy we guwanjy Aşgabat şäheri sözüň doly manysynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekanyna öwrüldi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda gözel paýtagtymyzda ulanylmaga berlen we ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalar taryhy wakalaryň beýany boldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülen Diýarymyzda, şeýle hem Aşgabat şäherinde giň gerim bilen gurulýan ak mermerli binalar hem-de desgalar türkmen halkynyň guwanjyna öwrülýär. Şeýle bagtyýar döwürde raýatlarymyzyň abadan durmuşy baradaky alada netijesinde milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bahasyna ýetip bolmajak bu beýik işler bagtyýar halkymyzda durmuşa we ýaşaýşa söýgi, höwes döredýär.

Baba MYRATBERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.