Resmi habarlar gysga setirlerde

3 Maý 2021
734

30-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda dostlukly ýurduň Baştutany döwlet Baştutanymyza kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanç bildirip, tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi hem-de şu agyr günlerde milli Liderimize, maşgala agzalaryna güýç-kuwwat we durnuklylyk arzuw etdi.