Bagtyýar durmuşyň möhüm şerti

3 Maý 2021
736

Ynsanyň durmuşy daşky gurşaw, tebigat bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ekologiýa abadançylygy soňky onýyllyklaryň dowamynda adamzat jemgyýetinde ileri tutulýan meseleleriň tutuş toplumyny özünde jemleýän hem-de ýygy-ýygydan ýüzlenilýän ugra öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejesinde ygtybarly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen ösýän ata Watanymyzda daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmaga uly ähmiýet berilýär we uzakmöhletleýin ekologiýa maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tebigata aýawly çemeleşip, onuň baýlyklaryndan ýerlikli peýdalanmak boýunça halkyň düşünjesini ýokarlandyrmak, daşky gurşawy goramagyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak babatda uly işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Gunça ŞAÝYMOWA,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ekologiýa gözegçilik gullugynyň baş hünärmeni.