Bagtyýarlyga beslenýän eziz Diýar

4 Maý 2021
681

Garaşsyzlyk mukaddes düşünje bolup, ol türkmen halkynyň taryhy geçmişi, şu güni, beýik geljegi bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki biziň ata-babalarymyz Garaşsyz döwlet gurmagyň arzuwy bilen ýaşapdyrlar. Häzir halkymyz ata-babalarymyzyň arzuwlan bagtyýar zamanasynda ýaşaýar. Watanymyzyň täze taryhynyň şöhratly sahypalaryna ösüş-özgerişlerimiz altyn harplar bilen ýazylýar hem-de dünýäde ylalaşdyryjy merkez, baky Bitarap döwlet hökmünde giňden tanalýar. Şeýle ajaýyp ýurdumyz batly ösüşleri bilen bagtly geljege barýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk ýyllarynda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, döwletler we halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegi ileri tutýan ýurt hökmünde eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýy has-da ýokarlandy» diýip belleýär.

Türkmen halkynyň täze taryhynyň senenamasyna ýazylan iň ähmiýetli seneleriň biri Garaşsyzlyk günüdir. Garaşsyzlyk bilen biz asuda, agzybir döwletimizi berkarar etdik, hemişelik Bitarap döwletli bolduk. Garaşsyz, baky Bitarap döwlet bolmak bilen biz sebitdir dünýä döwletleriniň arasynda hem parahatçylygy pugtalandyrmaga önjeýli goşandymyzy goşýarys. Paýtagtymyz Aşgabatda BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi hem parahatçylyk ýörelgelerimiziň dünýä ýaýylmagydyr. Milli Liderimiziň ýöredýän içeri hem daşary syýasy ugry dünýäniň täze taryhynda sazlaşdyryjy ýörelge hökmünde asyrlara ýol salýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň giň mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirdi hem-de berkarar döwletimiziň halkara abraýyny belende galdyrdy. Sebit we ählumumy bähbitleri nazara almak bilen, Bitarap Türkmenistan adalatlylyk hem-de deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn we toplumlaýyn häsiýetdäki daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli amala aşyrýar.

Aýnur BEGLIÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.