Milli demokratiýa dabaralanýar

3 Maý 2021
643

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilkinji gezek geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary täze taryhy şertlerde açyklykda, aýanlykda, giň demokratik esaslarda dünýä tejribesine, şeýle hem milli kanunçylyga doly laýyklykda geçirildi hem-de ösüşiň we döredijiligiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň şu ýylyň 28-nji martynda geçirilen saýlawlarynyň hukuk esasyny düzdi. Saýlawlar ýurdumyzda ilkinji gezek göni däl saýlaw hukugy esasynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň Halk Maslahatlarynyň mejlislerinde bäsleşik esasynda, guramaçylykly, ýokary işjeňlik ýagdaýynda geçdi.

Muhammetnazar GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy.