1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygyna

3 Maý 2021
977

EDERMENLIGIŇ BELENT NUSGASY

«Watan» diýen keremli sözüň aňyrsynda uç-gyraksyz älem giňişligi ýaly, çuňňur many-mazmuna eýlenen mukaddes düşünje ýatyr. Bu ajaýyp jümle ynsan hakydasyndan öçürip bolmaýan, hemişe ýürek urgusy bilen deň gopýan belent duýgy-düşünjedir. 1945-nji ýylyň 9-njy maýynda gazanylan Ýeňiş güni tutuş adamzadyň baýramy hökmünde giňden bellenilýär. Beýleki halklar bilen bilelikde, türkmen halky hem şol uruş ýyllary Watan goragy üçin aýaga galypdy.

Kadyrbergen SETDARGULYÝEW,
TGM-niň Alp Arslan adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň başlangyç harby taýýarlyk mugallymy.