Paýtagtymyz aşgabat — şatlyk çeşmesi

3 Maý 2021
812

Şeýle at bilen Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde dünýäde nusgalyk şähere öwrülýän gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli welaýat kitaphanasynda edebi-sazly çäre geçirdik. Oňa kitaphana işgärleri, ýerli şahyrlar, Balkanabat şäherindäki 2-nji, 15-nji orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurulýan ajaýyp binalary bilen görenleri haýrana goýýan paýtagt şäherimiziň taryhy, şu güni, geljegi, ekologiýa babatda Ýer ýüzünde iň arassa, owadan şäherleriň biridigi barada gyzykly söhbet etdiler, goşgulary okadylar. Balkanabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebinde okaýan çagalaryň Aziýanyň merjen şäheri bolan gözel Aşgabady wasp edip aýdan aýdymlary, çalan sazlary has-da täsirli bolup, bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

Çärä gatnaşanlar Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň çagalarynyň çeken suratlarynyň, kitaphana işgärleri tarapyndan guralan kitap sergisine hem uly gyzyklanma bilen syn etdiler hem-de ata Watanymyzy bagtyýar çagalygyň ýurduna öwren milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Gurbangül HOJAMÄMMEDOWA,
welaýat çagalar kitaphanasynyň syýasy-jemgyýetçilik bölüminiň müdiri.