Täzelikler

3 Maý 2021
667

Welaýatymyzyň kärhanalarynda zähmet çekýän işgärler üçin döwrebap şertleriň döredilişine, tehniki we ekologiýa howpsuzlygynyň kadalarynyň ýola goýluşyna uly üns berilýär.
«Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hem «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» diýen şygar bilen giň gerimli çäreleri durmuşa geçirdi. Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Ýoldaş Ýakubowyň aýtmagyna görä, iş şertleriniň kadalarynyň we kanunçylygyň berk berjaý edilmegi buýurmalaryň öz möhletinde ýerine ýetirilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Işçileriň we hünärmenleriň 2000-den gowragyny özünde jemleýän trestiň halkara polat ýollaryň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky köpsanly desgalaryň hem-de binalaryň gurluşyklarynda mynasyp zähmet paýlary bar.
* * *

Türkmenabat şäherinde gurulýan awtomenziliň gurluşygynda beton bloklaryny gurnamak işleriniň 80 göterimi tamamlandy.
Has takygy, täze menziliň ätiýaçlyk ammarynda, suw ýyladyjy desgasynda, transformatorynda we awtoýuwalgasynda gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şu günler gurluşykçylar menziliň esasy binasynyň beton binýadyndaky işleri hem tamamlap barýarlar.