Aşgabat — bagtyň şäheri

4 Maý 2021
841

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň giňden dabaralanýan döwründe il-günümiziň bähbidine gönükdirilen durmuş-ykdysady ugurdaky ösüşler guwanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Bu gün ýurdumyzyň ösüşlerini baş şäherimiziň — ak mermerli Aşgabadyň nowjuwan keşbi hem aýdyňlygy bilen açyp görkezýär. «Aziýanyň merjeni» diýlip atlandyrylýan Aşgabadyň ýeten belent derejesi ýurdumyzyň berkararlygynyň, rowaçlygynyň we abadançylygynyň aýnasy saýylýar.

Aşgabat gaýtalanmajak gözelligi, kalbyňa mukam bolup siňýän nuranalygy bilen akylyňy haýran edýär. Dünýäniň çalt depginde ösýän we özgerýän şäheri hökmünde uly meşhurlyga eýe bolýan ak mermerli paýtagtymyz milli binagärlik sungatynyň özboluşly aýratynlyklaryny we häzirki zamanyň gazanan öňdebaryjy usullaryny öz görkana keşbine jemleýär. Aşgabada görk goşýan binadyr desgalaryň islendigine nazar aýlanyňda hem bu hakykata buýsanç bilen göz ýetirýärsiň.

Haltäç BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, maýor.