Döwrüň gurmak sungaty

4 Maý 2021
658

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly we öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha pugtalanýar. Munuň özi Garaşsyz Watanymyzda häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän gurluşyk-binagärlik düzümleriniň döredilmegi üçin hem mizemez esasdyr. Çünki ýurduň ösüşleri, ilki bilen, onuň bina galdyrmak, ýol çekmek ýaly sogaply işleriniň netijesi bilen seljerilýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berlen ykdysady-durmuş maksatly döwrebap binalaryň birnäçesi halkara ykrarnamalara eýe boldy. Güneşli Diýarymyzda dünýäniň öňdebaryjy gurluşyk kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk esasynda alnyp barlan işleriň netijesi gönüden-göni gurluşykçy hünärmenleriň öz iş tejribelerini baýlaşdyrmaklary üçin uly mümkinçilik döretdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda gurluşykçylaryň täze nesli kemala geldi. Türkmen gurluşykçy hünärmenleri taýýarlanylýan ýokary okuw mekdebimizde bilim alýan geljekki inženerleriň gurluşyk taslamalarynyň amala aşyrylmagyna gatnaşmagy, özleriniň ukyp-başarnyklaryny şol işlerde synap görmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Olar öz taslamalary bilen ýurdumyzda geçirilýän sergilere we maslahatlara hem işjeň gatnaşýarlar.

Parahat ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory. Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.