Sungat bilen senet sazlaşanda

3 Maý 2021
807

Halkymyzda «Agajy uzyn kes, kesse bolar, demri gysga kes, süýse bolar» diýen nakyl ýörgünli. Ilki kesilip, soňra ýonulyp, timarlanylyp ulanylýan agaçlaryň käbirlerinden çemçe, çanak, dokmanyň daragy, piliň, oragyň sapy, ýüňdarak, ýag depbesi, ýanlyk ýaýmaga niýetlenilen enjam, suwagaç ýaly önümler ýasalsa, käbir agaçlardan taýýarlanylýan önümler halkymyzyň yrym-ynanjy bilen bagly bolup, olar öýüň işiklerinden, çaga sallançaklarynyň başujundan, ak maýanyň boýnundan alaja dakylyp asylypdyr. Aýratynam, tut, dagdan, erik, söwüt ýaly ýeňil hem-de üstünden näçe ýyl geçse-de durkuny üýtgetmeýän agaçlardan ýasalan önümler aýalyp saklanylypdyr.

Agaç ussaçylygy — inçe sungat. Oňa suratkeşlik ukyby hem gerek. Şol ukyby bar adam, aýdylyşy ýaly, agaja-da dil bitiriberýär. Eger-de biziň agaç ussaçylygyndan başy çykýan ussalarymyz bolmadyk bolsa, onda Düldüli agladyp, durnany gonduran sazlarymyzam bolmazdy.

Nursoltan DEPBIÝEWA, «Balkan».
Surata düşüren Waleriý Kiselýow.