Watansöýüjiligiň görelde mekdebi

3 Maý 2021
823

Muzeýimize gelýän mekdep okuwçylary, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şäherimizde ýerleşýän harby bölümlerde gulluk edýän esgerler bu ýerde ata-babalarymyzyň 1941—1945-nji ýyllaryň urşy döwründe türkmenistanly gerçekleriň görkezen edermenlikleri bilen tanyşýarlar. Uruş ýyllarynda şaýatlyk edýän taryhy tapyndylar, suratlar, frontdan iberilen hatlar ildeşlerimiziň gahrymançylykly söweş ýoluna aýdyň güwä geçýär.

Taryhda iň gazaply bolan 1941—1945-nji ýyllaryň urşuna türkmenistanlylaryň müňlerçesi gatnaşyp, ýeňşi ýakynlaşdyrmaga goşant goşdular. Olaryň jeň meýdanlarynda görkezen gahrymançylygy bu günki ýaşlar üçin edermenligiň nusga alarlyk göreldesidir. Muzeýimiziň zallarynda goýlan tapyndylar, suratlar şol döwür baradaky taryhy maglumatlary özlerinde jemleýärler. Olaryň her biri barasyndaky gürrüňler bu ýere gelýänlerde uly täsir galdyrýar. Ýörite zalda türkmenistanlylaryň söweş ýoly bilen bir hatarda, şol gazaply ýyllarda tylda galanlaryň zähmet edermenlikleri baradaky maglumatlar hem ýerleşdirilen.

Dursunjemal SEÝIDOWA,
Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň ylmy işgäri.