Ajap eýýamyň şuglasy

3 Maý 2021
903

Edil şu günki günde paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň nazaryndaky iň owadan şäher saýylýar. Ak merjen ýaly mermer binalar, täze gurlan owadan desgalar milli binagärligimiziň gadymy däpleriniň döwrebap öwüşgini bilen sazlaşyp dur. Aziýanyň iň owadan şäherleriniň biri bolan Aşgabadyň soňky on-on bäş ýylyň içinde eýe bolan gözellik derejesi, paýtagtymyzyň adynyň on bir gezek dünýä täsinliklerini özünde jemleýän Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň sanawyna girizilmegi bilen has hem meşhur boldy.

Aşgabadyň ak guw ýaly hatarlanyşyp duran mermer binalaryny saba säher bilen ýüzüňe sylanyňda, seriňe ýakymly oýlanmalar dolýar. Bu gözel ymaratlar mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýynyň aňrybaş derejede gowulanyp, elleriniň uzadan ýerine ýetip, toýlar içre ýaşaýan zamanasynyň taryhy keşbi. Giň hem owadan şaýollar, ýerasty we ýerüsti köprülerdir geçelgeler, çatryklary bezäp duran çuň mazmunly heýkeller, täze ulanmaga berilýän kaşaň edara binalary, baýramçylyklarda we şanly senelerde körpeleriň hyzmatyna gönükdirilýän çagalar baglarydyr orta mekdepler... sanasaň sogaby bar.

Ogulbeg JUMAÝEWA,
žurnalist.