Ýurdumyzyň welaýatlarynda

4 Maý 2021
676

HALYÇYLARYŇ BÄSLEŞIGI

AHAL. Welaýat merkezindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýinde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň halyçy zenanlarynyň arasynda yglan edilen “Arkadag paýhasyndan ady dünýä dolan türkmen halysy” atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşige onuň şäherdir etrap tapgyrlarynyň ýeňijileri gatnaşdy.

(Öz habarçylarymyz).