"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Işjeň usul — oňat netije

Okuwçylara ata Watanymyzy ykdysady taýdan berkitmekde fizika dersiniň ähmiýeti, dünýä alymlary bilen bir hatarda, türkmen alymlarynyň fizika ylmyna goşan goşantlary barada aýtmak bilen, olarda halkymyza bolan guwanç, buýsanç duýgularyny ösdürmäge çalyşýaryn. Okuwçylarda nazary bilimler bilen tejribeleriň özara baglanyşygyny düşündirmek arkaly, fizika dersini öwrenmäge bolan höwesi, olaryň döredijilik, pikirlenmek ukyplaryny artdyrmagy, okuw kitaplary we başga edebiýatlar bilen özbaşdak işläp bilmek we zerur bolan maglumatlary internet maglumatlarynyň üsti bilen tapyp bilmek başarnyklaryny kemala getirmek üçin yzygiderli iş alyp barýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berilýän bilim ojaklarynyň häzirki zaman kompýuter enjamlary, multimedia serişdeleri bilen üpjün edilmegi ösüp gelýän ýaş nesillere berilýän bilimiň hiliniň ýokarlanmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Guraýan sapaklarymyň her birinde multimedia tagtasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanýaryn. Sapagyň guramaçylyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleri, ösüşleri tagtada görkezýärin.

Dil bilmegiň ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil öwrenmegi üçin yzygiderli tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda döwletimiz halkara giňişliginde mynasyp orny eýeläp, dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli işleri alyp barýar. Olaryň üstünlikli amal edilmegi daşary ýurt dillerini suwara bilýän ökde hünärmenleri talap edýär. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaşlar taýýarlanylýar. Bu işleriň çagalar baglaryndan başlap, orta mekdeplerde has-da çuňlaşdyrylyp amala aşyrylmagy ýaşlaryň daşary ýurt dillerini has-da içgin öwrenmeklerine mümkinçilikleri döredýär.

Ýaşlara nusgalyk görelde

Ýaşlarymyzyň Watana wepaly, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmeklerini gazanmak ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipesi bolup durýar. Şu nukdaýnazardan hem hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, şeýle-de welaýat, etrap, şäher Geňeşleri tarapyndan ýörite tassyklanylan meýilnamalaryň esasynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşyklary, sport bäsleşikleri we taryhy-medeni ýadygärliklere, muzeýlere gezelenç çäreleri yzygiderli geçirilip durulýar. Babadaýhan etrabynyň Täze ýol obasyndaky hormatly Prezidentimiziň atasy, mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän muzeýe guralan gezelenç hem ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde oňyn netijesini beren çäre boldy. Bu ajaýyp muzeýde mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň zähmet ýoluna degişli gymmatlyklaryň ýerleşdirilmegi ýaşlarda uly gyzyklanma döredip, beýik ynsana bolan buýsançlaryny has-da artdyrdy.

Terjimeçilik hünärini öwretmegiň usulyýeti

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen biz halkara gatnaşyklaryň, ykdysadyýetiň, bilimiň, medeniýetiň hem-de beýleki ugurlaryň ösüşlere beslenýän döwründe ýaşaýarys. Muňa bolsa maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösmegi täsir edýär. Halkara gatnaşyklarda iňlis dili esasy resmi dil hökmünde ulanylýar. Bu dil bilim, ylym çeşmeleriň dünýäsine aralaşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda işlerini alyp barmaga we dünýä bazaryna goşulmaga esasy şert bolup durýar. Şu jähetden hem terjimeçilik hünäri biziň günlerimizde uly ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde terjimeçileriň hünär derejeleriniň we ygtyýarlyklarynyň talaplary üýtgedi. Olar islendik ugurda halklaryň arasynda täsirli gatnaşyklary guramagy we dürli derejeli daşary ýurt dilindäki çylşyrymly maglumatlary dil hem ýazuw üsti bilen ýokary hilli terjime etmegi başarmalydyrlar. Şu maksatlar bilen “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi. Terjime işlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen mugallymlar ýokary derejeli terjimeçileri taýýarlamak babatynda okatmagyň täze usulyny işläp düzýärler.

Asylly terbiýe — kämilligiň binýady

Terbiýeçilik diýseň inçe hem-de köptaraply işdir. Çaga terbiýesiniň miwelerini gazanmak üçin terbiýeçilik işini hiç bir pursatda ünsden düşürmeli däl. Çünki, çagalara, ýaşlara kämil terbiýe bermek ýurdumyzda gazanylýan durmuş-ykdysady ösüşleriň möhüm badalgasydyr hem-de ähli pudaklarda gazanýan ösüşlerimiziň gözbaşydyr. Türkmen milli terbiýesi diýseň gadymydyr. Milli terbiýeçilik işiniň esasy ene dilimizi çuňňur öwretmekden başlanýar. Türkmen dili diýseň baý hem-de gadymy dilleriň biri. Şonuň üçin türkmen dilinde ýerini bilip sözleseň, ulansaň, ol edep-ekrama ýugrulan uly bir hazynadyr. Diliň şirinligi töwerek-daşyňda, gürrüňdeşiňde saňa bolan egsilmez hormat-sarpany döredýär. Her bir halkyň arassa milli dili medeniýetliligiň bir görnüşidir. Dilewarlyk, çeperden ýerlikli sözleýiş endiklerini, başarnyklaryny ösdürmek adamlaryň saňa bolan sylagyny artdyrmak bilen bir hatarda çaga terbiýesiniň, edep-ekramynyň hem aýrylmaz bir bölegi hasaplanylýar. Döwlet dili bolan türkmen diliniň öwrenilişiniň çägini giňeltmek, hilini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak ýaş neslimiziň ene dilimize hem-de milli terbiýä bolan gatnaşygyny ösdürýär. Şonuň üçin türkmen dilini döwrüň talabyna laýyk öwretmek çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň we başlangyç synp mugallymlarynyň gündelik terbiýeçilik işleriniň we okuwlarynyň esasy hamyrmaýasydyr. Çagalara adamyň esasy bezeginiň onuň arassa hem-de düşnük

Döwrüň möhüm wezipesi

Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek, olary milli ruhda terbiýelemek möhüm ähmiýete eýedir. Bilim-terbiýeli, arassa ahlakly şahsyýetleri kemala getirmek biziň esasy borjumyzdyr. Şol esasdan hem, görüm-göreldäni ululardan alýan körpelere edebiň ýagşysyny öwredip, özüňi alyp barmagyň medeniýetini, ulyny sylamagy, kiçini hormatlamagy olaryň aňyna ýetirip durýarys. Gahryman Arkadagymyz ýaş nesilleriň ilhalar, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly işleri amala aşyrýar. Olara döredijilik bilen meşgullanmaga, kämil tehnologiýalary öwrenmäge hemme mümkinçilikleri döredip berýär. Ýaş nesiller bolsa hormatly Prezidentimiziň özlerine bildirýän ynamyny ödemäge çalyşýarlar. Hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän jemgyýetimizde ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan miras galan asylly kesp-kärleri öwretmäge, olary milliligimize, ýol-ýörelgelerimize hormat-sarpaly adamlar edip ýetişdirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, beýik maksatlary rowaçlyklara beslensin!

Bilim we tehnologiýa

Globallaşan dünýäde döwrümiziň iň esasy aýratynlyklarynyň biri hem ylmyň we tehnologiýanyň ýokary tizlik bilen ösýänligidir. Bu bolsa öňki bilýän maglumatlarymyzyň barha tiz könelişip, täze maglumatlary öwrenmek zerurlygynyň çalt ýüze çykmagy diýmekdir. Bu täzeleniş has-da bilim ulgamyna özüniň güýçli täsirini ýetirýär. Dünýä biliminiň ösüşi bilen deň ädim ätmek, şeýle-de okuwçylary döwrüň talaplaryna laýyk okatmak üçin derslerde neşir edilen okuw gollanmalary bilen deň hatarda, tehnologiýanyň hem utgaşykly ulanylmaklygy döwrüň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Başgaça aýdanymyzda, «bilim tehnologiýalary» diýilýän okuw maksatly elektron enjamlar, programma üpjünçilikleri, internet ulgamy döwrümizde netijeli bilim bermekde esasy serişdelerdir. GEÇMIŞDEN ŞU GÜNE...

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Bagtyýar nesilleriň aladasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda okamaga, öwrenmäge, bilim almaga, ylym bilen meşgullanmaga gönükdirilen bimöçber aladalar durmuşa ornaşdyrylýar. Ýaş nesilleriň geljekde ökde hünärmen bolup ýetişmegi üçin bilim ulgamynda birnäçe işler alnyp barylýar. Bilim işgärleriniň yhlasly zähmet çekmekleri üçin milli Liderimiziň başda durmagynda amatly şertler döredilýär.

Ýaş zehinleriň gadamlary

Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan uly özgertmeleri zehinli ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny goldamak üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Mähriban Arkadagymyz medeniýet we sungat işgärlerine uly goldaw berýär, olaryň işlemegi, türkmen halkynyň özboluşly mirasyny wagyz etmekde täze üstünlikleri gazanmagy hem-de bu ulgamy mundan beýläk-de kämilleşdirmegi, ösüşiň täze derejesine çykarmagy üçin ähli şertleri döredýär. Şeýlelikde, milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, medeniýeti, sungaty ösdürmek işinde öňegidişlikler gazanylýar. Eziz Watanymyzyň şäherlerinde we obalarynda döwrebap medeniýet öýleriniň hem-de köşkleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň medeni maksatly beýleki desgalaryň gurulmagy bizi diýseň guwandyrýar, işimize has-da kämilleşmäge itergi berýär. Biziň çagalar sungat mekdebimiziň agzybir mugallymlary hem ýaş nesillere terbiýe bermekde, sungatyň inçe ýollaryny öwretmekde ýadawsyz zähmet çekýärler. Çagalar sungat mekdebimizde ýaş nesiller dürli ugurlar boýunça bilim alýarlar, olar ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk çärelerinde, teleýaýlymlarda, hasabat konsertlerinde çykyş edip gelýärler. Okuwçylarymyz Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly mynasybetli, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda çagalar sungat mekdeplerini 2019 — 2020- -nji okuw ýylynda tamamlan okuwçylaryň arasynda dürli hünär ugurlary

Bäsleşik başarjaňlary saýlady

Ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, şoňa laýyklykda bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak babatynda üstünlikli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, ähli bilim edaralary häzirki zaman innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Bu bolsa mugallymlaryň kämil iş usullaryndan ýerlikli peýdalanyp, okuwçylara döwrebap bilim-terbiýe bermegine giň mümkinçilikleri döredýär. Şunda bilim işgärleriniň, ilkinji nobatda, öz işiniň ussady, dürli iş usullaryny ulanyp bilýän ökde hünärmenler bolmagy möhüm ugurlaryň biridir. Paýtagtymyzdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşygynyň birleşigi tarapyndan guralan “Ýylyň mugallymy — 2021” atly bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Oňa paýtagtymyzdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlarynyň 13-si gatnaşdy.

Synp sagadynyň ähmiýeti

Synp sagatlary synp ýolbaşçysynyň terbiýeçilik işleriniň möhüm bölegi bolup durýar. Hepdäniň jemini jemlemekde, indiki hepdede edilmeli işler, ýurdumyzda bellenilýän şanly seneler, baýramçylyklar bilen okuwçylary tanyşdyrmakda, hormatly Prezidentimiziň halkymyz üçin edýän beýik işlerini düşündirmekde, ýurdumyzyň ähli babatda gazanýan üstünliklerine buýsanç duýgusyny döretmekde hepdelik synp sagatlarynyň ähmiýeti uludyr. Men 7-nji synp okuwçylary bilen “Nowruz geldi äleme, rysgal saçdy ilime” diýen temadan synp sagadyny guradym. Ilki bilen okuwçylara “Nowruz” sözüniň manysy, bu baýramyň taryhy kökleri, onuň 21-nji marta gabat gelýändigini we onuň baýram hökmünde giňden bellenilýändigini gürrüň berdim. Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegiň ähmiýeti dogrusynda aýtdym. Şeýle-de, Abu Reýhan Birunynyň, Mahmyt Kaşgarlynyň, Burhaneddin Rabguzynyň, Abylkasym Ferdöwsiniň, Muhammet Baýram han Türkmeniň, Şeýdaýynyň, Magtymgulynyň döredijiliginden Nowruz barada bölekleri, hormatly Prezidentimiziň Nowruz barada aýdan pähimleri, sargytlary, türkmenlerde Nowruza taýýarlyk işleri, Nowruz tagamlary, semeniniň bişirilişi, saçak ýazylyşy, Nowruz yrymlary-ynançlary, Nowruz bilen bagly nakyllar, monjugatdylar we onuň ýerine ýetirilişi, adamlara dakylýan Nowruz atlary hakynda toparlaryň arasynda bäsleşik guradym. Munda öňünden taýýarlan prezentasiýa

Ylmy gözleglere badalga: wezipeler we çözgütler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ylym-bilim ulgamyny düzümi hem-de mazmuny boýunça ösen döwletleriň derejesine ýetirmek, ýaş nesliň sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe we oňat dynç almagy, ylym bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyzda bilim bermegiň hilini hem-de netijeliligini artdyrmak üçin ulgama döwrebap maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Türkmenistanda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Iň täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlar, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalarynyň gurulmagy, halkara guramalar, dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň bu ulgamy düýpli özgertmäge aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly 2021-nji ýylyň 2-nji fewralynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda nebitgaz pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagyň, pudagyň şu ýyl üçin kesgitlenen maksatnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň wajyp

Çyn-Maçyna salam bolsun!

Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 90-njy orta mekdebiň döwrebap binasy 2012-nji ýylda ulanylmaga berildi. Bu mekdepde okuwçylar rus, iňlis, hytaý dilleri ýaly daşary ýurt dillerini öwrenýärler. Okuwçylara hytaý diliniň öwredilişi bilen gyzyklanyp, ýakynda bu mekdepde alnyp barylýan işler bilen tanyşdyk. Ilkinji söhbetdeşimiz mekdebiň hytaý dili mugallymy Selbi Hajymämmedowa:

Iň eýjejik gyzjagaz — 2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagtyýar nesillerimiziň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza gerekli adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri aýratyn bellenmelidir. Şundan ugur alnyp, her ýylda Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Bilim ministrligi tarapyndan umumybilim berýän mekdepleriň okuwçy gyzjagazlarynyň arasynda «Iň eýjejik gyzjagaz» atly şadyýan bäsleşik geçirilýär.

Watanymyzyň ýüregidir Aşgabat

Öňňin, 17-nji martda Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgünde paýtagtymyzyň mekdep mugallymlarydyr okuwçylarynyň taýýarlan döredijilik işleriniň bäsleşigi guraldy. «Watanymyzyň ýüregidir Aşgabat» atly bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň meýilnamasyna laýyklykda guralyp, onda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan döredijilik işleriniň 50-ä golaýy görkezildi.

Döwrebap tehnologiýalaryň ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmekde oňyn işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion tehnologiýalary, şol sanda sanly ulgamy ornaşdyryp, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Öňde goýlan bu wezipeler maglumat-aragatnaşyk, şol sanda internet hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyny, hünärmenleriň bu ugurda başarnyklarynyň doly derejede ulanylmagyny talap edýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak baradaky meýilnamalary amala aşyrmak babatda senagat pudagyny ösdürmäge, onuň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek esasynda amala aşyrylýan özgertmeler öz oňyn netijesini berýär.

Çaga dünýägaraýşynyň ösüşi

Bilim ulgamynyň has-da ösdürilýän häzirki döwürde özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ulgamda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler milli we oňyn dünýä tejribesini özünde jemlemek bilen, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda bilim berlişiniň derejesini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň irki ýaşdan başlap, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda bilim edaralary bilen bir hatarda mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilim hem yzygiderli kämilleşdirilýär.

Kitap sergisi

Aşgabat şäherindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebinde Milli Bahar baýramy mynasybetli “Kitap — bilimleriň açary” atly kitap sergisi guraldy. Sergi bu harby mekdebiň, Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet muzeýiniň, we Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň işgärleri we mugallymlary tarapyndan bilelikde guraldy. Sergide hormatly Prezidentimiziň Watan goragçylary üçin ýazan ajaýyp kitaplary, türkmen ýazyjylarynyň çeper eserleri we mekdep okuwçylarynyň çeken suratlary ýaýbaňlandyryldy. Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň garamagyndaky “Aýjan” atly çagalar tans toparynyň we 7-nji çagalar-sungat mekdebiniň sazandalar topary sergini has-da dabaralandyrdylar. Sergi dabara gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Tejribeden taplanan terbiýeçi

Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşiginiň bilelikde guramagynda çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň arasynda «Ýylyň terbiýeçisi — 2021» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa welaýatyň çägindäki etrapdyr şäher tapgyrynda ýeňiji bolan terbiýeçiler gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertine laýyklykda, emin agzalarynyň gelen netijesi boýunça Türkmengala etrabyndaky 8-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Akgözel Durdyýewa baş baýraga mynasyp boldy we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ýeňijä gymmat bahaly sowgat we Diplom gowşuryldy.

Kämilligiň berk binýady

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda döwrebap ösüşler gazanyldy, iň kämil tehnologiýalar ornaşdyryldy, okatmagyň döwrebap usullary kemala getirildi. Bu babatda ýaşlaryň kämil hünärmenler, watansöýüji ýaşlar bolmaklaryna hem aýratyn üns berilýär. Türkmen halkynyň milli terbiýesinde asyllylyk, ylymly-bilimli bolmak, belent adamkärçilik, dost-doganlyk ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär. Ilki bilen, jemgyýetimize, il-günümize wepaly, belent adamkärçilikli we watansöýüji ýaşlaryň aýdyň geljegimizdigini aýratyn bellemek isleýäris. Şunda çuňňur many-mazmun bilen ýugrulan milli terbiýe aýratyn ähmiýete eýedir.