Döwrebap tehnologiýalaryň ähmiýeti

18 Mart 2021
1120

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmekde oňyn işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion tehnologiýalary, şol sanda sanly ulgamy ornaşdyryp, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Öňde goýlan bu wezipeler maglumat-aragatnaşyk, şol sanda internet hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyny, hünärmenleriň bu ugurda başarnyklarynyň doly derejede ulanylmagyny talap edýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak baradaky meýilnamalary amala aşyrmak babatda senagat pudagyny ösdürmäge, onuň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek esasynda amala aşyrylýan özgertmeler öz oňyn netijesini berýär.

Gurbangeldi DÖWLETGELDIÝEW,
Bereket etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar