Çaga dünýägaraýşynyň ösüşi

18 Mart 2021
1666

Bilim ulgamynyň has-da ösdürilýän häzirki döwürde özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ulgamda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler milli we oňyn dünýä tejribesini özünde jemlemek bilen, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda bilim berlişiniň derejesini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň irki ýaşdan başlap, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda bilim edaralary bilen bir hatarda mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilim hem yzygiderli kämilleşdirilýär.

Maýa MYRADOWA,
Tejen şäherindäki 1-nji çagalar bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar