Bäsleşik başarjaňlary saýlady

21 Mart 2021
1478

Ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, şoňa laýyklykda bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak babatynda üstünlikli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, ähli bilim edaralary häzirki zaman innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Bu bolsa mugallymlaryň kämil iş usullaryndan ýerlikli peýdalanyp, okuwçylara döwrebap bilim-terbiýe bermegine giň mümkinçilikleri döredýär. Şunda bilim işgärleriniň, ilkinji nobatda, öz işiniň ussady, dürli iş usullaryny ulanyp bilýän ökde hünärmenler bolmagy möhüm ugurlaryň biridir.

Paýtagtymyzdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşygynyň birleşigi tarapyndan guralan “Ýylyň mugallymy — 2021” atly bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Oňa paýtagtymyzdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlarynyň 13-si gatnaşdy.

Oguljan MUHYÝEWA,
“Mugallymlar gazeti”.
Beýleki habarlar