Ylmy gözleglere badalga: wezipeler we çözgütler

20 Mart 2021
1298

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ylym-bilim ulgamyny düzümi hem-de mazmuny boýunça ösen döwletleriň derejesine ýetirmek, ýaş nesliň sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe we oňat dynç almagy, ylym bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyzda bilim bermegiň hilini hem-de netijeliligini artdyrmak üçin ulgama döwrebap maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Türkmenistanda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Iň täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlar, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalarynyň gurulmagy, halkara guramalar, dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň bu ulgamy düýpli özgertmäge aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly 2021-nji ýylyň 2-nji fewralynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda nebitgaz pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagyň, pudagyň şu ýyl üçin kesgitlenen maksatnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belledi. Pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça halkara tejribeden ugur alyp, okatmagyň häzirki zaman usullaryny we nou-haulary ornaşdyrmak, daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenlerini bu işe çekmek ugrunda zerur tagallalary etmek Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň öňünde wajyp wezipe edilip goýuldy.

Baýrammyrat ATAMANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory, tehniki ylymlaryň doktory.
Beýleki habarlar