Kämilligiň berk binýady

18 Mart 2021
1241

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda döwrebap ösüşler gazanyldy, iň kämil tehnologiýalar ornaşdyryldy, okatmagyň döwrebap usullary kemala getirildi. Bu babatda ýaşlaryň kämil hünärmenler, watansöýüji ýaşlar bolmaklaryna hem aýratyn üns berilýär.

Türkmen halkynyň milli terbiýesinde asyllylyk, ylymly-bilimli bolmak, belent adamkärçilik, dost-doganlyk ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär. Ilki bilen, jemgyýetimize, il-günümize wepaly, belent adamkärçilikli we watansöýüji ýaşlaryň aýdyň geljegimizdigini aýratyn bellemek isleýäris. Şunda çuňňur many-mazmun bilen ýugrulan milli terbiýe aýratyn ähmiýete eýedir.

Maýsa ISAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 39-njy orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi.
Beýleki habarlar