Terjimeçilik hünärini öwretmegiň usulyýeti

23 Mart 2021
843

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen biz halkara gatnaşyklaryň, ykdysadyýetiň, bilimiň, medeniýetiň hem-de beýleki ugurlaryň ösüşlere beslenýän döwründe ýaşaýarys. Muňa bolsa maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösmegi täsir edýär. Halkara gatnaşyklarda iňlis dili esasy resmi dil hökmünde ulanylýar. Bu dil bilim, ylym çeşmeleriň dünýäsine aralaşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda işlerini alyp barmaga we dünýä bazaryna goşulmaga esasy şert bolup durýar.

Şu jähetden hem terjimeçilik hünäri biziň günlerimizde uly ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde terjimeçileriň hünär derejeleriniň we ygtyýarlyklarynyň talaplary üýtgedi. Olar islendik ugurda halklaryň arasynda täsirli gatnaşyklary guramagy we dürli derejeli daşary ýurt dilindäki çylşyrymly maglumatlary dil hem ýazuw üsti bilen ýokary hilli terjime etmegi başarmalydyrlar. Şu maksatlar bilen “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi. Terjime işlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen mugallymlar ýokary derejeli terjimeçileri taýýarlamak babatynda okatmagyň täze usulyny işläp düzýärler.

Gülşat HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar