Dil bilmegiň ähmiýeti

23 Mart 2021
1019

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil öwrenmegi üçin yzygiderli tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda döwletimiz halkara giňişliginde mynasyp orny eýeläp, dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli işleri alyp barýar. Olaryň üstünlikli amal edilmegi daşary ýurt dillerini suwara bilýän ökde hünärmenleri talap edýär. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaşlar taýýarlanylýar. Bu işleriň çagalar baglaryndan başlap, orta mekdeplerde has-da çuňlaşdyrylyp amala aşyrylmagy ýaşlaryň daşary ýurt dillerini has-da içgin öwrenmeklerine mümkinçilikleri döredýär.

Dünýägözel ÝARYKBAÝEWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar