Işjeň usul — oňat netije

23 Mart 2021
1174

Okuwçylara ata Watanymyzy ykdysady taýdan berkitmekde fizika dersiniň ähmiýeti, dünýä alymlary bilen bir hatarda, türkmen alymlarynyň fizika ylmyna goşan goşantlary barada aýtmak bilen, olarda halkymyza bolan guwanç, buýsanç duýgularyny ösdürmäge çalyşýaryn. Okuwçylarda nazary bilimler bilen tejribeleriň özara baglanyşygyny düşündirmek arkaly, fizika dersini öwrenmäge bolan höwesi, olaryň döredijilik, pikirlenmek ukyplaryny artdyrmagy, okuw kitaplary we başga edebiýatlar bilen özbaşdak işläp bilmek we zerur bolan maglumatlary internet maglumatlarynyň üsti bilen tapyp bilmek başarnyklaryny kemala getirmek üçin yzygiderli iş alyp barýaryn.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berilýän bilim ojaklarynyň häzirki zaman kompýuter enjamlary, multimedia serişdeleri bilen üpjün edilmegi ösüp gelýän ýaş nesillere berilýän bilimiň hiliniň ýokarlanmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Guraýan sapaklarymyň her birinde multimedia tagtasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanýaryn. Sapagyň guramaçylyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleri, ösüşleri tagtada görkezýärin.

Aýbibi REJEPOWA,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 93-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar